Sergidäki suratlar 2023-nji ýylyň dowamyndaky käbir uly pursatlary görkezýär.
2023-nji ýylyň jemleri: Esasy wakalar suratlarda

13
Kamçatkanyň iň uly wulkanlaryndan biri bolan Şiveluç wulkany ýarylandan soň, Ust-Kamçatsk raýonunyň Klyuçi atly ýerinde külüniň jisimleri awtoulaglary we jaýlary örtdi. Wulkan 2023-nji ýylyň 11-nji aprelinde sişenbe güni irden daşyp başlady. Şiveluç 20 kilometrden gowrak töwereklerine külüni ýaýratdy. Iň ýakyn ilatly ýer, wulkandan 47 km günorta-günbatarda ýerleşýän Klyuçi. (Dmitriý Melnikow/Orsýetiň Ylymlar akademiýasy/TASS)

14
2023-nji ýylyň 4-nji maýynda Serbiýanyň Belgrad şäherindäki Wladislaw Ribnikar mekdebiniň golaýynda pidalaryň hatyrasyna güller we oýunjaklar ýerleşdirildi. Serbiýanyň paýtagtyndaky mekdebine çarşenbe güni ot açan 13 ýaşly çaga polisiýa tarapyndan tussag edilmezden ozal birnäçe okuwçysyny we garawulyny öldürdi. Birnäçe çaga we mugallym keselhana ýerleşdirildi.(AP suraty/Darko Wojinowiç)

15
Talyban söweşijisi, ynsanperwer kömek topary tarapyndan paýlanan azyk önümlerini almak üçin garaşýan zenanlara garawullyk edýär, Kabul, Owganystan, 23-nji maý, 2023. (AP suraty/Ebrahim Noroozi)

16
Migrantlar Bialowieza şäheriniň golaýynda Polşa-Belarus serhedindäki diwaryň ýanynda dur. Polşa. 2023-nji ýylyň 28-nji maýy. (Agnieszka Sadowska/Agencja Wyborcza)
Forum