Sergidäki suratlar 2023-nji ýylyň dowamyndaky käbir uly pursatlary görkezýär.
2023-nji ýylyň jemleri: Esasy wakalar suratlarda

17
NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara parahatçylygy goraýjy Kosowa güýçleriniň (KFOR) esgerleri 2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Kosowanyň Zwekan şäher häkimliginiň binasynyň öňünde etniki serbler bilen çaknyşdy. Demirgazyk Kosowo regionyndaky dartgynlylyk esasan etnik serb ilatly sebitde serb jemgyýeti tarapyndan boýkot edilen saýlawlardan soň etnik albanlaryň dört şäherde häkimiýet başyna geçmeginiň yzýany hasam güýçlendi. (EPA-EFE/GEORGI LICOVSKI)

18
Sofiýa şäherinde Ikinji jahan urşunda ölenleriň galyndylaryny öz içine alýan sowet esgeriniň ýadygärliginiň ýüzünde gyzyl boýag peýda boldy. Bolgariýa, 2023-nji ýylyň 31-nji maýy. Ýadygärlige gyzyl reňkiň sürtülmegi bilen bir ýyldan gowrak bäri Orsýete garşy göreşýän ukrain halkyna goldaw bildirildi. (EPA-EFE/WASSIL DONEW)

19
Kahowka bentiniň ýumrulmagynyň yzýany 2023-nji ýylyň 7-nji iýuny, çarşenbe güni Ukrainanyň Herson şäherinde köçeleri suw basdy. Ukrainanyň günortasyndaky ýaşaýjylar, gijäni üçeklerde geçirip, çarşenbe güni suw joşmasynyň ikinji gününe taýyn boldular, bu aralykda häkimiýetler Dnieper derýasynyň bentiniň bozulmagy zerarly äpet suw howdanyndan suwuň çykmagynyň dowam etdirjekdigini duýdurdylar. (AP suraty/Libkos)

20
2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda düşürilen bu suratda, aşa ýüklenen gäminiň Ion deňzinde gark bolmagyndan soň ýitirim bolan migrant Takuir Perwaiziň ejesi Tazeem Perwaiz oglunyň suratyny tutup aglaýar. Pakistan tarapyndan dolandyrylýan Kaşmiriň Bandli obasy. Ýerli ýaşaýjylar geçen hepde Gresiýanyň migrant gaýyk pajygasynda gark bolan ýüzlerçe adamyň arasynda 24 töweregi ýerli ýigidiň bolup biljekdigi baradaky habary eşidensoň Pakistanyň Bandli obasyny matam duýgusy gaplady. (AFP/Sajjad Kaýýum)
Forum