Sergidäki suratlar 2023-nji ýylyň dowamyndaky käbir uly pursatlary görkezýär.
2023-nji ýylyň jemleri: Esasy wakalar suratlarda

9
Ýewropa Bileleşiginiň baýdagyny göterýän demonstrantlara suw sepilýär. Protestçileriň we polisiýanyň arasynda çaknyşyklar 2023-nji ýylyň 7-nji martynda Tbiliside Gürjüstanyň mejlisiniň golaýynda boldy. Gürji polisiýasy paýtagt Tbiliside jedelli "daşary ýurt agentleri" kanunyna garşylyk bildirmek üçin köçä çykan müňlerçe adamlyk protestiň gatnaşyjylaryna garşy gözi ýaşardýan gazy we suw pürkýän gurallary ulandy. (AFP suraty)

10
Russiýanyň Ukraina çozmagynyň dowamynda ýaralanan ukrainaly deňizçi Bahmut şäheriniň golaýyndaky front liniýasyndan äkidilýär, 2023-nji ýylyň 23-nji marty. (AFP/Aris Messinis)

11
Tornadodan soň üçegi ýumrulan jaýyň howadan görnüşi. Güýçli tupan Little Rokda günorta we orta günbatar bölekleriniň üstünden geçdi. Arkansas, ABŞ, 2-nji aprel, 2023. (REUTERS/Cheney Orr)

12
2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Tähranyň köçesinde Eýranyň öňki baş lideri Aýatolla Ruhollah Homeýniniň suratynyň öňünde goýlan CCTV kameralary. Eýranyň polisiýa departamenti beýanat ýaýradyp, köpçülikde hijap geýmeýän aýal-gyzlara garşy çärelerini güýçlendirýändigini, köçelerde CCTV kameralary gurup, gözegçilik etmek we şahsyýeti kesgitlemek maksady üçin ulanjakdygyny aýtdy. Hijap kanunyny bozandygy sebäpli 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda tussag edilen Mahsa Amininiň ölüminden soň Eýranda protestler başlandy.(EPA-EFE/ABEDIN TAHERKENAREH)
Forum