Sergidäki suratlar 2023-nji ýylyň dowamyndaky käbir uly pursatlary görkezýär.
2023-nji ýylyň jemleri: Esasy wakalar suratlarda

5
Bir aýal “Star Ballroom” tans studiýasynda bolan ok atyşykda pida bolanlaryň hatyrasyna guralan matama gatnaşýar. Kaliforniýanyň Montereý seýilgähi, 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwary. Ýaragly adam, Täze aý baýramyny bellemek dabarasyna gatnaşan esasan aziýa-amerikan jemgyýetinden ençeme adamy öldürdi. (AP suraty/Aşley Landis)

6
Metjit partlamasynyň pidasynyň maşgala agzalary Peşawarda söweşijilere we polisiýa merkeziniň içinde janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran partlamasyna garşy geçirlen protest aksiýasynda aglaýarlar. 2023-nji ýylyň 1-nji fewraly. Şol hepde Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda 101 adamyň ölmegine sebäp bolan metjit partlamasy ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, ilatyň zorlukdan gorky duýgusyny ýene-de güýçlendirdi. (AFP/Abdul MAJEED)

7
2023-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkiýäniň Kahramanmaraş welaýatynyň Elbistan etrabynda bolup geçen uly ýer titremesi zerarly ýykylan binanyň golaýynda gynanýan zenanlar, 8-nji fewral, 2023. 6-njy fewralda Türkiýäniň günortasynda we Siriýanyň demirgazygynda yzly-yzyna bolan iki ýer titremesinde dessine 9 müňden gowrak adamyň wepat bolandygy habar berildi. Şonda halas edijiler sebitde diri galanlary gözlän wagtynda häkimiýetler ölenleriň sanynyň gitdigiçe artýandygyny aýtdylar. (EPA-EFE/SEDAT SUNA)

8
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Russiýanyň Ukraina hüjümleriniň arasynda keramatly Maýkl ybadathanasynyň ýanynda ýöräp barýarlar, Kiýew, Ukraina, 20-nji fewral, 2023. (REUTERS/Gleb Garanich)
Forum