Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mask Trampyň söwda geňeşçisi Nawarrony “samsyk”  atlandyrdy


Elon Mask
Elon Mask

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň hökümetiň netijeliligi boýunça bölüminiň başlygy Elon Mask bilen Ak Tamyň söwda geňeşçisi Peter Nawarro arasynda Trampyň daşary ýurt importyna girizen gümrük paçlarynyň netijeliligi barada aç-açan dawa ýüze çykdy.

Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

8-nji aprelde Nawarro CNBC teleýaýlymyna beren interwýusynda Mask tarapyndan ABŞ bilen Ýewropa Bileleşigi arasynda “nola deň tarifleri” girizmek baradaky çagyryşyny ret etdi. Ol Masky “awtoulag ýygnamak bilen meşgullanýan” biri diýip atlandyrdy. Şeýle-de onuň import edilýän serişdelere garaşlydygyny aýdyp, bularyň ABŞ-da öndürilmeligini görmek isleýändigini aýtdy. Nawarro Trampyň täze tarif syýasatynyň esasy ruhlandyryjylarynyň biri hasaplanýar.

Tesla kompaniýasynyň eýesi we baş ýerine ýetiriji direktory Elon Mask munuň yzysüre X sosial ulgamynda: “Nawarro – hakyky samsyk. Onuň aýdýan zatlary açyk-aýdyň ýalan. Tesla iň amerikanlaşdyrylan awtoulaglara eýedir. Nawarro bir halta kerpiçden hem samsyk” diýen ýazgyny galdyrdy.

Ak Tamyň metbugat wekili Karoline Leawitt bu dawa barada şeýle diýdi: “Bu, administrasiýamyzyň aç-açanlygynyň we prezidentiň dürli pikirleri diňlemäge taýýardygynyň subutnamasydyr. Oglanlar oglanlygyna galýar, biz olara öz jemgyýetçilik dawalaryny dowam etdirmäge rugsat bereris.”

XS
SM
MD
LG