Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda hukuk goraýjy “köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyrmak” esasynda tussaglyga alyndy


Rita Karasartowa
Rita Karasartowa

Gyrgyzystanly aktiwist we adam hukuklaryny goraýjy Rita Karasartowa Bişkek şäheriniň Swýerdlowskiý etrap kazyýeti tarapyndan, 17-nji aprele geçilýän gije çykarylan karara laýyklykda, 12-nji maýa çenli wagtlaýyn tussaglyga ýerleşdirildi.

Oňa Gyrgyzystanyň Jenaýat kodeksiniň 278-nji maddasynyň 3-nji bölümi (häkimiýet wekilleriniň kanuny talaplaryna garşy çykyş etmäge, köpçülikleýin bidüzgünçiliklere we raýatlara garşy zorluga çagyrmalar) boýunça aýyplama bildirilýär.

Karasartowa kazyýet diňlenişiginden soň özüniň günäsizdigini aýtdy we bildirilýän aýyplamalary “galp” diýip atlandyrdy.

14-nji aprelde agşamara ýaragly, ýüzi maskaly polisiýa işgärleri Karasartowanyň öýünde gözleg geçirdiler we ony tussag etdiler. Ertesi güni ol 48 sagatlyk administratiw tussaglyga alyndy.

Karasartowa tussag edilmeginiň öň ýanynda Facebook sahypasynda öýünde gözleg geçirilýändigini habar berdi. Ol bu ýagdaýy 10-njy aprelden bäri ykbaly näbelli bolan aktiwist Tilekmath Kudaýbergen uly tarapyndan ýazylandygy aýdylýan bir haty jemgyýetçilik ulgamynda paýlaşmagy bilen baglanyşdyrdy. Ol bu haty 14-nji aprelde günortan çap edipdi.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň ençemesi, şol sanda Human Rights Watch Karasartowanyň tussag edilmegine alada bildirdiler.

XS
SM
MD
LG