Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G.Berdimuhamedow MA döwletlerine sapar edýär, Gazagystanda "ak reňke boýalan" ulaglary satyn aljakdygyny aýtdy


Gurbanguly Berdimuhamedow (arhiw)
Gurbanguly Berdimuhamedow (arhiw)

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletlerine edýän saparynyň çäklerinde, 23-24-nji aprel aralygynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde bolar.

Resmi maglumata görä, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy esasynda amala aşyrylýan bu saparyň dowamynda türkmen-özbek strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine degişli meseleler maslahat ediler.

Mundan bir gün öň, Berdimuhamedow Gyrgyzystana iş saparyny amala aşyryp, “Issyk-Kul” şäherinde gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçiripdi we käbir medeni çärelere barypdy.

21-nji aprelde Berdimuhamedow “dostlukly sapar” bilen Gazagystana bardy. Ol prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen birnäçe medeni desgalara hem aýlandy.

Gazagystanyň tengirnews.kz neşiri saparyň dowamynda, Tokaýewiň Gazagystanda öndürilýän ulaglary görkezýän pursady, Tank 300 kysymly awtoulaga gezek ýetende, Berdimuhamedowyň "Bize ak reňke boýaň, satyn alarys. Gürrüňsiz" diýip jogap beren sözlerini getirýär.

Oňa "ak reňkli görnüşleriň hem bardygy" mälim edilende, Berdimuhamedow "hususan-da Arkadag şäheri üçin satyn alynjakdygyny" belläpdir.


XS
SM
MD
LG