Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda Şymkent şäher häkiminiň orunbasaryna ýaragdan atyldy, şübheli tussag edildi


Şymkent şäheriniň häkiminiň orunbasary Ruslan Berdenow
Şymkent şäheriniň häkiminiň orunbasary Ruslan Berdenow

21-nji aprel agşamara Gazagystanyň Şymkent şäheriniň häkiminiň orunbasary Ruslan Berdenowa ýaragdan ok atylyp, onuň keselhana ýerleşdirilendigi habar berildi. Şymkentiň polisiýa müdirligi bu maglumaty tassyk etdi.

“Bu jenaýaty amala aşyrmakda güman edilýän adam saklandy we wagtlaýyn tussaghana ýerleşdirildi. Bu wakanyň esasynda jenaýat işi gozgaldy. Derňew işleri alnyp barylýar, onuň çäklerinde bolan wakanyň ähli ýagdaýlary anyklanar” diýip, polisiýa edarasy beýanat berdi.

Gazagystanyň media serişdeleri hüjümiň sebäbi boýunça birnäçe çaklamany orta atyp, olaryň arasynda: “aýalyna edilen ahlaksyz hereketler üçin ar almak” ýa-da “häkimiň orunbasarynyň gönümel işi bilen baglylykda” diýen ýaly wariantlar görkezilýär.

22-nji apreldäki maglumatlara görä, Ruslan Berdenow özüne gelipdir we onuň janyna howp abanmaýar. Onuň ýagdaýy “agyr, ýöne durnukly” diýip baha berilýär.

Ruslan Berdenow şu ýylyň fewralynda Şymkentiň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenipdi. Ol mundan ozal Gazagystanyň mejlisiniň deputaty bolupdy.

XS
SM
MD
LG