Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Filippinleriň öňki prezidenti ölüm howply kampaniýasy sebäpli HJK-niň karary bilen tussag edildi


Filippinleriň öňki prezidenti Rodrigo Duterte
Filippinleriň öňki prezidenti Rodrigo Duterte

Filippinleriň öňki prezidenti Rodrigo Duterte Günorta-Gündogar Aziýa ýurdunda müňlerçe adamyň ölmegine sebäp bolan neşe serişdelerine garşy köp ýyllaryň dowamynda alyp baran kampaniýasy bilen baglanyşykly Halkara Jenaýat Kazyýetiniň karary bilen tussag edildi.

Halkara Jenaýat Kazyýetiniň (HJK) habaryna görä, “adamzada garşy adam öldürmek jenaýat” aýyplamasy bilen ýüzbe-ýüz bolýan Duterte Gonkonga eden gysga wagtlyk syýahatyndan soň, 11-nji martda Manila howa menziline geleninde polisiýa tarapyndan tussag edildi.

Gyzynyň sosial media hasabynda paýlaşylan wideoda 79 ýaşly Duterteniň özüniň tussag edilmeginiň “kanuny esaslaryny” sorag astyna alandygyny görse bolýar.

Halkara Jenaýat Kazyýeti Duterteni 2018-nji ýyldan bäri onuň “neşe serişdelerine garşy söweşi” boýunça derňeýärdi. Onuň bu “söweşi”, Duterteniň 2016-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli Filippinleriň prezidenti we ondan ozal günortadaky Dawao şäheriniň häkimi bolup işlän wagtynda müňlerçe adamyň ölümine sebäp boldy. Heläk bolanlaryň köpüsi garyp hojalyklaryň ýaş erkek adamlarydy.

“Associated Press” habar agentligi Dawao polisiýasynyň ozalky polisiýa işgärine salgylanyp, rehimsiz kampaniýa wagtynda Dutertäniň ýolbaşçylygyndaky polisiýa we raýat toparlary tarapyndan 10 müň töweregi şübheli adamyň öldürilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG