Germaniýanyň parlamenti, koalisiýa hökümeti darganyndan soň, federal kansler Olaf Şolza ynam bildirmezlik sesini berdi.
733 deputatdan diňe 207 deputat - Sosial Demokratik Partiýanyň (SPD) wekilleri Şolza ynam sesini berdi. Ynam bildirmezlik baradaky teklibe 394 deputat ses berildi, 116 deputat bolsa ses bermekden saklandy. Ynam gazanmak üçin parlament agzalarynyň 367 sesini almak zerurdy.
Bundestagyň Şolzyň kabinetine ynam bildirmezligi garaşylmaýan zat däldi. Syýasatçylar Bundestagda geçiriljek irki saýlawlaryň deslapky senesi -23-nji fewral barada eýýäm ylalaşyga gelipdiler.
Şolz ses berişlikden öň deputatlaryň öňünde çykyp gürledi. "Syýasat oýun däl" diýip, ol koalisiýanyň dargamagynda Erkin Demokratik Partiýany (FDP) aýyplady.
Şeýle-de, Şolz ýurduň goragy üçin “uly maýa goýumlarynyň” goýulmagyna çagyrdy, Germaniýanyň “Ukrainanyň Ýewropadaky iň güýçli goldawçysy” bolup galjakdygyny aýtdy.
Şol bir wagtda, kansler "nemes esgerlerini bu urşa hiç wagt ibermejekdigini" we konflikti gyzdyrmajakdygyny aýtdy.