Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Russiýa Stambulda ilçihanalaryň işini kadalaşdyrmak boýunça gepleşikleri geçirýär


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Tammi Brýus (arhiw suraty)
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Tammi Brýus (arhiw suraty)

ABŞ-nyň we Russiýanyň wekiliýetleri 10-njy aprelde Stambulda iki ýurduň ilçihanalarynyň işini kadalaşdyrmak boýunça gepleşikleri geçirýärler.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Tammi Brýus bu duşuşyklaryň diňe diplomatik missiýalaryň işleýşi bilen baglanyşyklydygyny, syýasy ýa-da howpsuzlyk meseleleriniň, şol sanda Ukrainadaky urşuň “düýbünden” gün tertibinde ýokdugyny mälim etdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Russiýanyň wekiliýetine ABŞ-daky täze ilçisi Aleksandr Darçiýewiň, Amerikanyň wekiliýetine bolsa Döwlet departamentiniň Ýewropa we Ýewraziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Sonata Koulteriň ýolbaşçylyk etjekdigini habar berdi.

Bu duşuşyk, 27-nji fewralda Stambulda geçirilen ilkinji tapgyr gepleşikleriň dowamy bolup, şol duşuşykda iki ýurduň diplomatik missiýalarynyň işini kadalaşdyrmak boýunça ädimler kesgitlenipdi.

2022-nji ýylda Russiýanyň Ukraina garşy doly göwrümli urşa başlamagyndan soň, ABŞ bilen Russiýanyň paýtagtlaryndaky diplomatiki missiýalaryň işlerine çäklendirmeler girizildi. Şondan bäri iki ýurt hem biri-biriniň köp sanly diplomatlaryny yzyna iberdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýanwar aýynda ikinji möhlete işe girişeli bäri, Moskwa bilen gatnaşyklary gowulandyrmak ugrunda itergi berdi.

XS
SM
MD
LG