Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň sudy USAID-iň ýapylmagy Konstitusiýa garşy diýip kesgitledi


Merilendäki federal sud ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) ýapylmagynyň bikanundygyny aýdyp, açylmagyny buýurdy. Kararda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň agentligiň işini petiklemek bilen konstitusiýa düzgünlerini bozup bilendigi aýdylýar.

Sudýa Teodor Çuang suduň karynyň 68 sahypalyk delillendirişinde administrasiýanyň ABŞ-nyň konstitusiýasynyň ygtyýarlyklary bölmek ýaly birnäçe düzgünini bozandygyny aýtdy.

Sudýanyň sözlerine görä, bu hereketler diňe bir arzçylara we öňki edara işgärlerine däl-de, eýsem jemgyýetiň bähbidine-de zyýan ýetirdi, sebäbi olar "Kongresde döredilen edaranyň haçan, nädip we näme üçin ýapyljakdygyny kesgitlemek üçin Kongresde saýlanan halk wekillerini konstitusion ygtyýarlyklaryndan mahrum etdi".

Sudýa işden boşadylan şikaýatçylaryň işinde dikeldilmegini we olaryň edaradaky iş ýerleriniň kepillendirilmegini talap etdi. Agentligiň ähli işgärleriniň iş ýeriniň elektron poçtasyna we ähli elektron ulgamlaryna girişini dikeltmek tabşyryldy.

Sud Elon Maskyň Hökümetiň netijeliligi departamentine kanuny ygtyýarly edara wekiliniň rugsady bolmazdan USAID babatynda haýsydyr bir çäre görmegi gadagan etdi.

Trampyň administrasiýasy Döwlet sekretary Marko Rubiony agentligiň wagtlaýyn dolandyryjysy edip belledi.

Hökümetiň netijeliligi bölümi Trampyň buýrugy bilen döredilip, oňa hökümetiň artykmaç çykdajylaryna gözegçilik etmek tabşyryldy. Mask USAID-i netijesiz atlandyrdy we onuň ýapylmalydygyny aýtdy. Ak Tam bu kararda milliarderi goldady.

XS
SM
MD
LG