ABŞ-nyň Döwlet departamenti daşary ýurtlaryň täsirine we gatyşmagyna garşy göreş boýunça bölüminiň (R/FIMI) işini bes etdi. Bu barada ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio habar berdi.
“Men, öň Global aragatnaşyk merkezi (GEC) ady bilen tanalan, daşary ýurt maglumat manipulýasiýasy we gatyşygy bilen göreş boýunça edaranyň ýapylýandygyny mälim edýärin” diýip Rubio X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.
Ol bu merkezleriň işi amerikan salgyt töleýjilerine ýylda 50 million dollardan gowrak çykdaja düşendigini, şol bir wagtyň özünde “kömek etmegiň ýerine, olaryň sesini basyp ýatyrmak we senzura etmek bilen meşgullanandygyny” aýtdy.
Rubioň bellemegine görä, soňky onýyllykda bu bölümiň işi sebäpli amerikan raýatlary diňe bir pikirini aýdandygy üçin “garalan, işinden boşadylan, aýyplanan we hatda türmä basylan” ýagdaýlary bolupdyr.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň düzümindäki Global aragatnaşyk merkezi 2011-nji ýylda döredilipdi. Demokrat Jo Baýdeniň administrasiýasynyň döwründe bolsa, geçen ýylda onuň esasynda daşary ýurtlaryň maglumat manipulýasiýasy we gatyşygy bilen göreşýän ýörite bölüm esaslandyrylypdy. Bu bölümiň maksady daşary ýurtlaryň dezinformasiýa kampaniýalaryna garşy göreşmekden ybaratdy.
Respublikan partiýasynyň wekilleri bu bölümiň işini ençeme gezek tankytlap, onuň daşary ýurt maglumat gatyşygy bilen göreş diýlip görkezilýän işleriniň esasynda konserwatiw kommentatorlaryň sesini basýandygyny we syýasy senzura bilen meşgullanýandygyny nygtapdylar.