Amerikanyň Birleşen Ştatlary Hytaýdan getirilýän harytlar üçin salgydyň möçberini 20%-e çenli ýokarlandyrdy. Hytaý hem muňa jogap berip, ABŞ-dan import edilýän önümler üçin salgydyň möçberini 15%-e çenli artdyrdy ýa-da goşmaça salgyt girizdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýdan getirilýän harytlar üçin salgydyň möçberini 10%-den 20%-e çenli ýokarlandyrdy, sebäbi "Hytaý bikanun neşe krizisini gowşatmak üçin degişli çäreleri görüp bilmedi" diýlip, onuň buýrugynda bellenilýär.
Resminamada “Hytaýdan ABŞ-a sintetiki opioidleriň, şol sanda fentaniliň yzygiderli akymy” barada gürrüň edilýändigi aýdylýar. Şu sebäplere salgylanylyp, mundan bir aý ozal başlangyç salgytlar girizilipdi. Hytaý Bütindünýä söwda guramasynda bulara garşy çykýar.
Muňa jogap hökmünde Pekin ABŞ-dan esasan oba hojalyk önümleriniň importyna goşmaça salgyt girizdi: soýa, doňuz eti, sygyr eti, deňiz önümleri, miweler, gök önümler we süýt önümleri üçin 10%, şeýle-de bugdaý, mekgejöwen, towuk we pagta üçin 15% salgyt göz öňünde tutulýar.