ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Maliýe we Söwda departamentleriniň wekilleri bilen geçiren gepleşiklerinden soň, gümrük paçlarynyň girizilmegini togtatdy diýip, “The Wall Street Journal” neşiri, çeşmelerine salgylanyp, habar berýär.
Maglumata görä, maliýe sekretary Skott Bessent we söwda sekretary Howard Lýutnik prezident Trampa salgyt syýasatyny ýumşatmagy maslahat beripdirler. Şol bir wagtyň özünde, Trampyň söwda boýunça geňeşçisi Piter Nawarro, tersine, paçlary saklap galmaga çagyryp, çäklendiriji çäreleriň tarapynda çykyş edipdir. Neşiriň çeşmeleri Nawarronyň Tramp bilen degişli sekretarlaryň arasynda bolan duşuşykdan habarsyz galandygyny hem aýdýarlar.
Tramp degişli departamentleriň ýolbaşçylary bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Truth Social sosial media platformasynda gümrük salgytlarynyň bir böleginiň girizilmeginiň togtadylýandygyny mälim etdi.
“The Wall Street Journal” 2-nji aprelde yglan edilen täze salgyt çäreleriniň dünýä maliýe bazarlarynda pese gaçyşlara sebäp bolandygyny we Ak tamda aladalaryň döremegine getirendigini belleýär.
Bessent bilen Lýutnigiň wekilleri öz toparlarynyň Trampyň amerikaly işçileri goldamak maksady bilen öňe sürýän ykdysady syýasatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda işjeň tagalla edýändigini belläp, Tramp bilen gümrük paçlary baradaky gepleşikler boýunça maglumatyň hakykata gabat gelmeýändigini aýtdylar.
Öz gezeginde, Nawarro atlandyrylmadyk çeşmeleri Trampyň toparynda agzalalyk döretmek synanyşygynda aýyplady.
2-nji aprelde Tramp Birleşen Ştatlaryň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň aglaba bölegi üçin gümrük paçlarynyň 5-nji aprelden başlap güýje girýändigini yglan edipdi. Täze düzgünlere laýyklykda, Ýewropa Bileleşiginden getirilen harytlara 20%, Britaniýadan getirilenlere 10% we beýleki birnäçe ýurtdan getirilen harytlara bolsa 40% ýa-da ondan ýokary gümrük salgydy girizilýär.