Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy halkara uçar gatnawlaryny dikeldýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan uýgur awtonom sebitindäki Urumçy bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat arasyndaky uçar gatnawy üç ýyllyk arakesmeden soň, ikinji gün agşam dikeldildi diýip, “Global Times” neşiri habar berýär.

Bu Hytaý bilen bäş Merkezi Aziýa ýurdunyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň doly dikeldilendigini görkezýär.

CZ6015/6 uçar gatnawlary hepdäniň ikinji günlerinde amala aşyrylýar we Hytaý Günorta howaýollary tarapyndan dolandyrylýar.

Şeýlelikde, Hytaý Günorta howaýollary häzirki wagtda bu sebitiň dokuz ýurduna, Hytaýdan Gazagystanyň Almaty, Päkistanyň Yslamabat we Eýranyň Tähran şäherlerine we beýleki şäherlere halkara uçar gatnawlaryny amala aşyrmaga başlady.

Uçar gatnawlary netijesine 2019-njy ýyldaky ulag kuwwatynyň takmynan 50 göterimine çenli dikeldildi diýip, habarda aýdylýar.

“Air China” bäşinji gün Siandan, Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şansi welaýatyndan Gazagystanyň Astana şäherine göni uçar gatnawyny açdy.

Synçylar bu ugruň Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky baglanyşygy has artdyrjakdygyny aýdýarlar.

Pekin 2013-nji ýylda “Guşak we Ýol başlangyjy” teklip edeli bäri Merkezi Aziýanyň bäş döwleti - Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan Hytaý bilen aradaky hyzmatdaşlygy ösdürdi.

XS
SM
MD
LG