Daşary ýurtly bilen resmi nika, Türkiýede kanuny ýaşamak üçin bir usul: Metin bilen Jemalyň hekaýaty
Türkmenistanly Jemal Türkiýede birnäçe ýyl bikanun esasda ýaşady. Ol býurokratik päsgelçilikler sebäpli, ýan ýoldaşy Metin bilen durmuş nikasyny resmileşdirip bilmedi. Jemal Türkiýeden deportasiýa edilmek töwekgelçiligi bilen birnäçe gezek ýüzbe-ýüz boldy. Mundan bir aý öň jübüde öz nikalaryny resmi taýdan hasaba aldyrmak başartdy. Indi Jemal Türkiýede kanuny esasda ýaşamaga bil baglap biler. Türkmen migrant zenany geljekde türk pasportyny almaga taýýarlanýar.
Epizodlar
-
Aprel 07, 2025
Daşoguzda güýçli duzly tupan turdy
-
Mart 31, 2025
"Hirurg bolmagy arzuw edýärdim, ýöne kurýer boldum"
-
Fewral 06, 2025
“Gyzymyň gümürtik ölüminiň derňew işi bes edildi” - Gülälek