Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ukrain çagalaryna kömek iberdi


Türkmen uçaryna ýük ýüklenýär.
Türkmen uçaryna ýük ýüklenýär.

Türkmenistan 22-nji martda ukrain halkynyň çagalaryna ynsanperwer ýük iberdi diýip, Daşary işler ministrligi 23-nji martda habar berdi.

Bu ýüküň hossarlyga mätäç çagalara kömek berýän haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan iberilendigi aýdylýar.

Bu gazna ozalky prezident, häzirki prezidentiň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýär we onuň “türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp” berýän kömegi býujet edaralarynyň işgärlerinden mejbury-meýletin ýagdaýda ýygnalýar.

Habarda bellenmegine görä, Ukraina iberilen ynsanperwer ýüki derman serişdelerinden we lukmançylyk enjamlaryndan, dokma we dürli azyk önümlerinden ybarat.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 13-nji martynda ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini ibermek baradaky buýruga gol çekdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty Ukrainada barýan uruş, bu urşy soňlamak ugrunda edilýän halkara tagallalary barada hiç bir maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG