Watanlaryna gitmek mümkinçiligine garaşýan Türkmenistanyň raýatlaryna Stambulyň halkara howa menzilinde her gün duşup bolýar. Türk we türkmen awiakompaniýalarynyň uçarlaryna biletleri bolan türkmen raýatlarynyň uçmak mümkinçiligine garaşýan wagty, beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, birnäçe aýlap uzaga çekip bilýär. Türkmenistanyň Türkiýe bilen arasyndaky yzygiderli uçuşlar iki ýyl ozal togtadyldy, ýöne aeroportda garaşýan türkmenistanlylar seýrek çarter reýslerine münmegi umyt edýärler.
Stambulyň halkara howa menzilindäki bir gün

5
Türkmenistanyň raýatlary köplenç howa menzilinde ençeme günläp ýatmaga mejbur bolýarlar, köpüsiniň gitmäge ýeri ýok.

6
"Türkmen howaýollarynyň" edarasy. Stambul, 2022-nji ýylyň 29-njy marty

7
"Türkmen howa ýollary" awiakompaniýasynyň belligi. Stambulyň halkara howa menzili, 2022-nji ýylyň 29-njy marty.

8
Türkmen ýolagçylary köplenç uly goşlary bilen barýar. Köpüsi Türkmenistana hemişelik gitmäge niýetlenýär.