Watanlaryna gitmek mümkinçiligine garaşýan Türkmenistanyň raýatlaryna Stambulyň halkara howa menzilinde her gün duşup bolýar. Türk we türkmen awiakompaniýalarynyň uçarlaryna biletleri bolan türkmen raýatlarynyň uçmak mümkinçiligine garaşýan wagty, beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, birnäçe aýlap uzaga çekip bilýär. Türkmenistanyň Türkiýe bilen arasyndaky yzygiderli uçuşlar iki ýyl ozal togtadyldy, ýöne aeroportda garaşýan türkmenistanlylar seýrek çarter reýslerine münmegi umyt edýärler.
Stambulyň halkara howa menzilindäki bir gün

9
Uklap ýatan ýigidiň başyndaky papakda "Täze döwür" diýlen ýazgy bar.

10
"Türkmen howa ýollarynyň" Stambulyň halkara howa menzilindäki ofisi hemişe diýen ýaly ýapyk. Aeroportyň işgärleriniň sözlerine görä, bu edara diňe çarter reýsleriniň Türkmenistana gidýän güni bir aýda ortaça iki gezek sanlyja sagatlyk açylýar. Bu ýere barýan adamlaryň sany birnäçe ýüze ýetýär, emma aglaba köpüsine ýer bolmaýar, sebäbi Türkmenistana diňe öňünden düzülen sanawda ady bolan adamlar gidip bilýär. Sanawlar Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynda düzülýär.

11
Stambulyň halkara aeroportundaky ýolagçylar