Watanlaryna gitmek mümkinçiligine garaşýan Türkmenistanyň raýatlaryna Stambulyň halkara howa menzilinde her gün duşup bolýar. Türk we türkmen awiakompaniýalarynyň uçarlaryna biletleri bolan türkmen raýatlarynyň uçmak mümkinçiligine garaşýan wagty, beýleki ýolagçylardan tapawutlylykda, birnäçe aýlap uzaga çekip bilýär. Türkmenistanyň Türkiýe bilen arasyndaky yzygiderli uçuşlar iki ýyl ozal togtadyldy, ýöne aeroportda garaşýan türkmenistanlylar seýrek çarter reýslerine münmegi umyt edýärler.
Stambulyň halkara howa menzilindäki bir gün

1
Stambul halkara howa menzilinde uçara garaşýan adamlar, 2022-nji ýylyň 29-njy marty.

2
Stambulyň halkara howa menzili, 2022-nji ýylyň 29-njy marty.

3
Türkmen raýatlarynyň öz ýurduna aşmak umydy birnäçe hepde, käte birnäçe aý uzaga çekýär.

4
Diwardaky ýazgyda "Bu açmagyň wagty" diýilýär.