Türkmenistan 14-nji dekabrda Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy dekabrdaky buýrugyna laýyklykda, bu gezekki kömegiň 1,200 tonna barabar azyk, senagat harytlaryndan, nebit önümlerinden doldurylan 20 sany demirýol çeleginden ybaratdygy aýdylýar. Bu kömek Owganystanda durmuşyň barha gymmatlaýan wagtynda geldi.
Türkmenistan Owganystana 1,200 tonnalyk kömek iberdi

1
Türkmenistanyň iberen ynsanperwer kömegi Owganystana geldi. Ýüküň umumy bahasynyň $1 milliondan gowrakdygy aýdylýar.

2
Owganystan. Türkmenistanyň iberen ynsanperwer kömegi düşürilýär.

3
Iberilen azyk önümleriniň arasynda türkmen topragynda biten kädi hem bar.

4
Owganystan. Türkmenistanyň iberen ynsanperwer kömegini alyp gelýän ýük awtoulgalary.