Türkmenistan 14-nji dekabrda Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy dekabrdaky buýrugyna laýyklykda, bu gezekki kömegiň 1,200 tonna barabar azyk, senagat harytlaryndan, nebit önümlerinden doldurylan 20 sany demirýol çeleginden ybaratdygy aýdylýar. Bu kömek Owganystanda durmuşyň barha gymmatlaýan wagtynda geldi.
Türkmenistan Owganystana 1,200 tonnalyk kömek iberdi

5
Kömek Owganystanda azyk önümleriniň bahalarynyň 80% ýokarlanan wagtynda geldi.

6
Owgan resmileri türkmen wekilleri bilen bilelikde kömegiň kabul edilmegine bagyşlanan dabara gatnaşdy.

7
Türkmen topragynda biten käşirler.

8
Otly çeleklerinde nebit önümleri getirildi.