"Dawaly" ýeriň pidalary
Owganystanyň demirgazygynda Amyderýanyň süýşmegi netijesinde türkmen-owgan serhediniň golaýyndaky Garkyn etrabynyň ençeme gektar ýerini suw aldy. Bu tebigy hadysanyň netijesinde ozalky gury ýeriň ýerinde özboluşly adajyklar emele geldi. Türkmenistan bilen serhetdeş bu regionyň haýsy ýurda degişlidigi dogrusynda belli bir derejede düşünişmezlikler bar. Aýdylmagyna görä, şol dawaly territoriýalarda Türkmenistanyň gümrükçileri tarapyndan ençeme owganystanly türkmen tussag edilip, olar türme tussaglygyna hem höküm edilipdir. Azatlyk Radiosy dawaly sebitde mal bakandyklary üçin tussag edildi diýilýän owgan türkmenleriniň ýakynlary bilen söhbetdeş bolup, ýörite wideo taýýarlady.
Degişli makalalar
Epizodlar
-
Aprel 07, 2025
Daşoguzda güýçli duzly tupan turdy
-
Mart 31, 2025
"Hirurg bolmagy arzuw edýärdim, ýöne kurýer boldum"
-
Fewral 06, 2025
“Gyzymyň gümürtik ölüminiň derňew işi bes edildi” - Gülälek