Sanlyja günlerden ýaşajyk türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýurduň orta mekdepleriniň bosagasyndan ätlärler. Bu günler ene-atalarynyň esasy aladasy çagalaryny mekdebe ýerleşdirmek bilen bagly.
Geçen ýylyň noýabr aýyndan Aşgabadyň telefon ulgamy (AşTU) öň elýetmez bolan limitsiz ADSL internedi ilat köpçüligine elýeterli etdi. Munuň bilen birlikde ýurda IPTV toplumy hem geldi.
Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, bazarlarda, söwda merkezlere “Mekdep bazarlary” açylýar. Bu söwda nokatlarynyň assortimenti – mekdep okuwçylarynyň egin-eşigi we olaryň okuw esbaplary.
“Dalaşgär-2014” diýip atlandyrylýan ýokary okuw jaýlaryna kabul etmek kampaniýasynyň çäginde abituriýentleriň ilkinji synaglary duşenbe güni, 28-nji iýulda başlandy.
Türkmen telewideniýesinde her gün “Jahan ýaňy” atly gepleşik efire goýberilýär. Emma bu gepleşikde dünýä mediasynyň üns merkezinde duran wakalar barada maglumat berilmeýär.
Amyderýanyň suwy Garagum kanaly boýunça paýtagta gelende, 1962-nji ýylda döredilen bu suw howdany Gurtly köli ady bilen tanalýar. Bu köl öň paýtagtlylaryň höwes bilen dynç alýan ýeridi.
“Awaza” dynç alyş zolagynda gurlan myhmanhanalaryňdyr dynç alyş merkezleriň ýyl geldigiçe sany artýar. Emma bu ýerde dynç almak ýerli ilat üçin entegem gymmat diýlip hasaplanýar.
Häzirki döwürde türkmen dilinde neşir edilýän az sanly kitaplaryň hem hususy kitap dükanlarynda satylmaýanlygynyň bir sebäbi – olary müşderileriň satyn almaýanlygyndan diýip düşündirilýär.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň, daşyndan synlanyňda uly köşgi ýatladýan bu merkezi kitaphanasynda kitaplarydyr maglumatlary gözläp ýören okyjylara duşaýmak aňsat däl.
Türkmenistanlylar öz futbolçylarynyň atlaryny bilmeýişleri ýaly olaryň üstünliklerinden hem köplenç bihabar. Çünki türkmen futbolçylarynyň üstünlikli çykyş eden halkara ýaryşlary ýok diýen ýaly.
Daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlara gatnaşýan türkmen sportsmenleriniň gazanýan üstünlikleri barada aram-aram ýurduň resmi metbugatynda hoş habarlar çap edilýär
Türkmenistanyň resmi mediasynda sport bilen meşgul bolýan sportsmenleriň, olaryň tälimçileriniň hal-ýagdaýlary, gün-güzerany barada o diýen köp maglumat berilmeýär.
Ýurtda harby bolmadyk ýokary okuw jaýlaryna kabul etmek kampaniýasy başlandy. Şu ýylky ýokary okuw jaýlaryna kabul etmek kampaniýasy öňkülerden özünde “Ruhnamadan” ekzamen ýoklugy bilen tapawutlanýar.
Ýurtda soňky ýyllar döwrebap sport mekdepleriniň ençemesiniň gurlandygyna garamazdan, sport seksiýalarynyň entegem podwallarda ýerleşýänleri az däl.
Resmi metbugatda “Ak şäherim Aşgabat” diýlip waspy ýetirilýän paýtagt Aşgabat gün-günden sözüň doly manysynda bütinleý, düýbünden tä depesine çenli agaryp barýar.
Körler we kerler jemgyýetiniň paýtagtda ýerleşen №1 okuw-önümçilik kärhanasynyň häzirki ýagdaýyndan çen tutup aýdylsa, bu kärhana maýyplary doly iş bilen üpjün edip bilmeýär.
Aşgabatdaky Körleriň we kerleriň kitaphanadaky braýl elipbiýindäki kitaplaryň ählisi diýen ýaly sowet döwründen galan rus dilindäki eserler. Bu ýerde daşary ýurt çeper edebiýaty ýok.
Türkmenistanyň kanunlarynda ilatyň durmuş ýagdaýy has ynjyk gatlaklaryny sosial taýdan goramak meselelerine garalýar. Emma “borç” hökmünde ykrar edilýän çäreler iş ýüzünde o diýen berjaý edilmeýär.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda paýtagtdagtdaky kinoteatrlarynyň durknuň täzelenmegi bilen, bu ýerlerde her gün diýen ýaly üç seansda, ýagny üç gaýta kinofilmler görkezilip başlandy.
Paýtagt Aşgabatda Türkmen döwlet neşirýaty gullugynyň neşir eden önümlerini halka hödürleýän döwlete degişli 3-4 sany ýöriteleşdirilen kitap dükany bar.
Ýene-de ýükle