Russiýa Federasiýasynyň Gyrgyzystandaky ikinji harby bazasy üçin Fergana jülgesiniň Oş hem Batken şäherleriniň golaýyndaky günorta bölegi saýlanyldy.
Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndaky dürli ýokary okuw jaýlarynyň we kollejleriniň resmi bolmadyk öz bahalary bar.
Gyrgyzystanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy prezidentlik saýlawlarynda Kurmanbek Bakiýewiň ýeňiş gazanandygyny tassyklady.
Owganystanda aýallaryň mekdebe, işe, ýa-da doktora gimegine päsgelçilik berýänleriň tiz wagtda agyr jezalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy ähtimal. Bu “Aýallara garşy zorluklary ýok etmek” boýunça kanuna laýyklykda amala aşyrylar.