ÝB, Tähranyň çäkden geçmek haýbaty astynda, Eýrany “Ýadro ugruny üýtgetmäge” çagyrýar

Eýranyň Daşary işler ministri Amir-Abdollahian Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Josep Borell bilen Tähranda duşuşdy. Arhiw suraty

Ýewropa Bileleşigi Birleşen Ştatlara we Halkara atom energiýasy agentligine (HAEA) goşulyp, Eýrany ýurduň ýadro ýaragyny edinmek üstünde işläp biljekdigi baradaky tekliplerden ýüz öwürmäge çagyrdy.

"Biz Eýrany ýurduň ýadro traýektoriýasyny yzyna öwürmäge we HAEA bilen hyzmatdaşlygyny örän çalt gowulandyrmak ýaly anyk ädimleri görkezmäge çagyrmagy dowam etdirýäris" diýip, ÝB-niň metbugat wekili Piter Stano 16-njy maýda eden ýazmaça beýanatynda aýtdy.

Yslam respublikasy öz ýadro maksatnamasynyň diňe raýat maksatlary üçin niýetlenendigini öňe sürüp gelýär, ýöne soňky hepdelerde Eýranyň ýadro doktrinasyny, eger zerur hasaplasa, gaýtadan gözden geçirip biljekdigini aç-açan aýdýan resmiler köpelýär.

2015-nji ýylda Eýran bilen dünýä güýçleriniň arasynda gelnen ylalaşyk, (JCPOA) Bilelikdäki töwerekleýin hereket meýilnamasy diýilýän möhüm şertnama, sanksiýalaryň gowşadylmagynyň deregine, Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirdi.

Emma muňa garamazdan, şol wagtky prezident Donald Tramp 2018-nji ýylda Birleşen Ştatlary şertnamadan çykaryp, sanksiýalary dikeldeninden soň, Eýran öz ýadro maksatnamasyny giňeldip, HAEA-nyň öz ýadro desgalaryny barlamak mümkinçiligini çäklendirdi.

ÝB, JCPOA-nyň Bilelikdäki komissiýasynyň utagşdyryjysy bolmak bilen, 2021-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli Tähran bilen Waşingtonyň arasynda bolan gytaklaýyn gepleşikleriň birnäçe tapgyryna araçylyk etdi.

27 agzaly bileleşik 2022-nji ýylyň awgust aýynda şertnamany dikeltmek baradaky ylalaşygyň soňky taslamasyny hödürledi, ýöne Tähran bilen Waşington birek-biregi aşa kän talap etmekde aýyplanyndan soň, bu gepleşikler bes edildi.

"Biziň maksadymyz hemişe, diplomatik çözgüt arkaly, Eýranyň ýadro ýaragyny edinmek tagallasyny bes etdirmekden ybarat bolupdy" diýip, Stano aýtdy we ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borreliň we onuň toparynyň Eýran ylalaşygyny dikeltmek tagallasyny dowam etdirýändigini hem sözüne goşdy.

Geçen aýda, Siriýadaky ilçihanasynyň binasyna urlan we Yslamçy rewolýusiýa goragy korpusynyň (IRGC) birnäçe agzasynyň ölümine sebäp bolan howa zarbasyna jogap edip, öz esasy duşmany Ysraýyla garşy görlüp-eşidilmedik raketa we pilotsyz uçar hüjümini guraly bäri, Eýran ýurduň ýadro programmasyny dikeltmek barada aýdylýan sözleri hasam ýygjamlatdy.

Yslamçy rewolýusiýa goragy korpusynyň generaly şol wagt Eýranyň ýadro ýerlerine edilen hüjümiň ýurduň ýadro ýaraglary baradaky syýasatynyň täzeden gözden geçirilmegine sebäp bolup biljekdigini duýdurdy.

Ýokary lider Ali Hameneýiniň uly geňeşçisi we öňki daşary işler ministri Kamal Harazi bu howpy şu hepdäniň başynda ýene bir gezek ýatlatdy.

"Biz ýadro ýaraglaryny islemeýäris we ýokary lideriň fatwasy şuny aýdýar. Ýöne, eger duşman size haýbat atsa, siz näme edersiňiz?" diýip, ol aýtdy.

Bu fatwa Hameneýi tarapyndan kabul edilen dini karar bolup, onda Yslam respublikasynyň ýadro ýaragyny "haram" hasaplaýandygy we Eýranyň bu hili ýaragy edinmäge çalyşmajakdygy aýdylýar.

Bu fatwa indi uzak wagt bäri, eýran häkimiýetleri tarapyndan, Eýranyň öz ýadro programmasyny hiç wagt ýaraga öwürmejekdigine subutnama hökmünde görkezilip gelinýär. Emma hünärmenler bu fatwanyň hakykatda näderejede netijeli bökdençlik bolup biljekdigini sorag astyna alýarlar.

"Ýadro fatwasy sistemanyň Eýranyň içinde ýadro ýaragyny edinmäge çalyşmak ýa-da edinmek mümkinçiligine ýeňip geçip bolmajak dini ýa-da kanuny päsgelçilik döretmeýär" diýip, Ženewa aspirantura institutynyň uly ylmy işgäri Farzan Sabet aýtdy.

Eýran resmileriniň açyk aýdan sözlerine garamazdan, Daşary işler ministrligi ýurduň ýadro doktrinasynda hiç hili üýtgeşmäniň bolmandygyny öňe sürdi.

Stano, Ýakyn Gündogardaky dartgynlylygyň ýokarlanýandygyny nazara almak bilen, "aňrybaş derejedäki saklanmanyň zerurdygyny" aýtdy.

"Sebitdäki eskalasiýanyň mundan aňryk hem güýçlenmegi, ýadro ýagdaýy barada beýanat görnüşinde bolsa-da, ýurduň resmi pozisiýasyny görkezmeýän halatynda hem hiç kimiň bähbidine däl" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýranyň täze ritorikasyna jogap edip, ABŞ Tähranyň ýadro ýaragyny edinmegine "ýol bermejekdigini" aýtdy.

HAEA-nyň baş direktory Rafael Grossi bolsa, Eýrany ýadro durumyna göz aýlamak barada edilýän teklipleri "togtatmaga" çagyrdy.