ÝB liderleri Tiranada geçiriljek ÝSB sammitinde 'döredijilikli' hem bolup biler

Wengriýada geçirilen Ýewropa sammitinde düşürilen surat

Ýewropanyň dürli künjeklerinden bolan liderler 16-njy maýda Tirananyň merkezindäki Skanderbeg meýdançasynda toplanyp, Ýewropa Syýasy Bileleşigi (EPC/ÝSB) sammitine gatnaşarlar. Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň Ukrainadaky urşa gönüden-göni jogap hökmünde öňe süren pikiri esasynda ýylda iki gezek iň ýokary derejede geçirilýän sammit ÝB-niň 27 ýurdy bilen oňa girmeýän 20 ýurduň arasynda, beýemçilik edýän ýurtlaryň gezekleşmeginde geçirilýär.

Bu gezek Albaniýanyň nobaty bolup, bu çäre premýer-ministr Edi Ramanyň barha ulalýan rowaçlygynyň bir alamaty bolar. 2013-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan lider bireýýämden bäri otagyň iň tejribeli operatorlarynyň biri bolup, bu ýygnanyşyk Günbatar Balkan respublikasynda geçiriljek we onuň sosialistik partiýasynyň ýene bir ýeňşi bilen tamamlanjak umumy saýlawyň bäş gün soňundan geçiriler.

Brýussel Rama uly hormat goýýar, ÝB resmileri onuň diplomatik ussatlygyna we ýiti akyl-paýhasyna ýokary baha berýärler. Albaniýanyň Ýewropa Bileleşigine girmekdäki öňegidişligi munuň özboluşly bir şöhlelenmesi boldy.

Ýewropanyň Syýasy Bileleşigi näme?

ÝSB ÝB-niň bir guraly däl, ýa-da ÝB agzalygyny umyt edýänleriň käbiriniň howatyrlanyşy ýaly, ol ÝB agzalygynyň ornuny tutmaýar. Aslynda, ol hiç hili anyk netijeleri çykarmaýan, ýa-da gutarnykly, jemleýji jarnama yglan etmeýän bir forum, mejlis bolup, onuň hemişelik orny ýa-da sekretariaty ýok.

Habar beriş serişdeleri onuň nähili janawardygyny we haýsy anyk maksatlara gulluk edýändigini, beýleki ýewropa guramalaryndan nähili tapawutlanýandygyny anyklamaga çalyşýarlar.

Bu, esasan, berk protokollara eýerýän NATO we ÝB sammitleri bilen deňeşdirilende, onuň minimal resmi koreografiýa daýanmagy bilen baglanyşykly. Elbetde, bu ýerde hem açylyş dabarasy, umumy mejlis we maşgala suraty bar. Soňra ýolbaşçylar howpsuzlyga, bäsdeşlige ukyplylyga we migrasiýa gönükdirilen, üç tematiki ugurda geçirilýän tegelek stollara bölünýärler.

Emma muňa garamazdan, bir günlük ýygnanyşygyň köpüsi dürli görnüşde meýilleşdirilen we öz-özünden ikitaraplaýyn duşuşyklara ýazyp, zerur bolsa ulurak ýygnaklara hem öwrülip biler. Özem bu aşa köp akkreditlenen kömekçileriň we geňeşçileriň bolmazlygynda bolup geçýär.

ÝSB sammitine ÝB liderleri çagyryldy

Şu wagta çenli, Belarusdan, Russiýadan we Watikandan başga, ýewropa ýurtlarynyň ÝSB sammitine çagyrylan liderleriniň hiç biri özlerine iberilen çakylygy ret etmedi. Şeýle-de, oňa Ýewropa Geňeşiniň, Ýewropa Komissiýasynyň we Ýewropa Parlamentiniň üç prezidenti, NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte dagy gatnaşar.

Bu Germaniýanyň kansleri Fridrih Merziň ilkinji köptaraplaýyn duşuşygy bolar. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň hem, soňky minuda çenli tassyklanmadyk hem bolsa, bu ýygnanyşykda görünmegine garaşylýar. Şeýle-de, ÝSB-niň öňki sammitleriniň käbirine gatnaşmadyk hem bolsa, türk lideri Rejep Taýyp Erdoganyň hem duşuşyga gelmegine garaşylýar.

Mundan öňki ÝSB sammitleri, köplenç fransuz we nemes liderleriniň gatnaşmagynda, ermeni we azerbaýjan liderleriniň duşuşmagy üçin syýasy itergi boldy, ýöne bu gezek beýle synanyşyga garaşylmaýar, şol bir wagtda bu hili ýagdaýlar hiç wagt aradan aýrylyp hem bilinmez.

Gözler Fiso bilen Wuçiçe dikilýär

Şuňa meňzeş ýagdaýda ýolbaşçylaryň Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Wuçiç we Slowakiýanyň premýer-ministri Robert Fiso bilen nähili gatnaşyk gurjagyna syn etmek gyzyksyz bolmaz. Olar 9-njy maýda Moskwada geçirilen Ýeňiş güni paradyna gatnaşyp, rus prezidenti Wladimir Putin bilen egin-egne berip durdular.

Moskwa saparyndan soň hiç hili sanksiýa ýa-da jeza çäresine duçar bolmasa-da, Fiso BB derejesinde izolirlenýär. Brýussel Wuçiçi Russiýa syýahat etmezlige çagyrdy we, resmi kandidat ýurt hökmünde, Serbiýanyň blogyň daşary syýasatlaryna boýun bolmalydygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Wuçiç bu meselede bir zyýan çekjege meňzemeýär. Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli resmisi Tirana sammitiniň öňüsyrasynda geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda Serbiýanyň öňküsi ýaly dalaşgär ýurt bolup galjakdygyny, agza ýurtlaryň arasynda bu ýurda garşy sanksiýalar girizmek meselesinde ylalaşygyň bolmandygyny tassyk etdi.

Ýeke-täk netije Serbiýanyň ÝB-ne agza bolmak ýolunda öňe ilerlemezligi bolar, çünki Balkan respublikasy soňky dört ýylda ýekeje-de gepleşik babyny açmady.

NATO üçin uly hepde

Harby ýaranlygyň 32 agzasynyň goranmak başlyklary 14-nji maýda Brýusselde, indiki aýda Haagada geçiriljek NATO sammitinden öň iň soňky sessiýalaryny geçirýärler.

Bu duşuşygyň gün tertibinde Ukraina we NATO wekilhanalaryna goldaw, operasiýa we goranyş meýilnamalary esasy orunlary alar.

Şol gün, ýöne Türkiýäniň deňiz kenaryndaky Antalýa kurortynda, Rutte resmi däl iki günlük duşuşyk üçin NATO-nyň daşary işler ministrlerini bir ýere jemlär.

Türkiýäniň oppozisiýa garşy alyp barýan repressiw syýasatlary, hususan-da Stambulyň häkimi Ekrem Ymamoglunyň ýakynda tussag edilmegi bilen baglylykda, bu duşuşyk gapma-garşylykly.