ÝB liderleri goranyş çykdajylaryny artdyrmak planyny tassykladylar

Illýustrasiýa suraty

ÝB liderleri Brýusselde geçirilen sammitde ABŞ-nyň administrasiýasynyň gelejekde goranmak meselesinde Ýewropanyň öz güýçlerine bil baglamalydygyny aýdyňlaşdyrandan soň, harby çykdajylary düýpli ýokarlandyrmak meýilnamalaryny tassykladylar.

ÝB döwletleri harby çykdajylary köpeltmek üçin býujet çäklendirmelerini gowşatmak kararyny tassykladylar. Ýewropa Komissiýasynyň hasaplamalaryna görä, bu ýol bilen 650 milliard ýewro boşadylyp bilner.

Sammite gatnaşyjylar Ýewropa Komissiýasynyň ÝB ýurtlary üçin 150 milliard ýewro karz fonduny döretmek baradaky teklibine hem seretdiler. Bu pul howa we raketadan goranyş ulgamlary, artilleriýa, ok-däriler, pilotsyz uçarlar we pilotsyz goranyş ulgamlary ýaly goranyş serişdelerine sarp edilip bilner.

Şu hepdäniň başynda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen "ReArm Europe" planyny hödürledi. Resminama laýyklykda, ÝB goranmak jogapkärçiligini öz üstüne alýar we geljekde Ukraina kömek bermäge taýýardygyny mälim edýär.