17 ýaşyndaky Adam Kadyrow Çeçenistanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary boldy

Ýetginjek Adam Kadyrowyň ýokary derejeli weizepelerde anyk nähili işleri ýerine ýetirýändigi barada resmi maglumat berilmeýär.

Çeçenistanyň ýolbaşçysy Ramzan Kadyrowyň 17 ýaşyndaky ogly Adam Kadyrow Çeçenistanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellenildi. Bu barada “Kawkaz.Realii” (Azatlygyň Demirgazyk Kawkaz gullugy) habar berýär.

Munuň bilen, Ramzan Kadyrowyň ýetginjek ogly Adam resmi ýagdaýda altynjy wezipä eýe boldy. Ol häzirki wagtda Gudermes şäherindäki “ ýörite maksatly güýçler uniwersitetiniň” ýolbaşçysy, Goranmak ministrliginiň iki batalýonynyň kuratory, Çeçenistanyň Içeri işler ministrliginiň ähli düzüminiň ýolbaşçysy we kakasynyň howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy hökmünde görkezilýär.

Kadyrowyň üçünji ogly Adamyň bu wezipelerde alyp barýan işleri diňe maslahatlara gatnaşmak we degişli düzümleriň işgärlerini sylaglamak bilen çäklenýär. Onuň bu orunlarynda nähili wezipeleri ýerine ýetirýändigi barada resmi maglumat berilmeýär.

Onuň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine haçan bellenendigi anyk däl. Bu wezipedäki ady ilkinji gezek geňeşiň resmi Telegram kanalynyň 21-nji apreldäki habarynda agzalýar.