Ýanan toprak: rus bombalary we top oklary Ukrainanyň şäherlerini nähili weýran etdi

Ukrainanyň Donetsk regionyndaky Toretsk şäheriniň ýokardan alnan suraty

Russiýanyň maksada gönükdirilen bombalary we takyk ugrukdyrma ulgamlary Ukrainanyň şäherleriniň parahat ilat ýaşaýan ýerlerini weýran edip, harabaçylyga öwürdi.

Russiýanyň şeýle bomba ýollan ähli ýerlerinde ahyrzaman alamatyny ýatladýan weýrançylygy görse bolýar. Bütin mähelle toplumy harabaçylyga öwrüldi. Mekdepler we keselhanalar ýer bilen ýegsan edildi. Ýaşaýyş jaýlary ýer ýüzünden aýryldy.

Çasow Ýar

Bir wagtlar Çasow Ýar şäherinde 10 müňden gowrak adam ýaşapdy. Rus goşuny 2024-nji ýylyň maý aýynda şäheriň etegine golaýlaşdy, ýöne ol ýeri oka tutmak ondan has öň başlandy. Ýokardan düşürilen suratlarda bomba sebäpli jaýlaryň, keselhanalaryň we esasy senagat obýektleriniň nähili ýok edilendigi görünýär. Köp kwartiraly ýaşaýyş jaýlaryndan hiç zat galmandyr.

Toretsk

Uruşdan öň 36 müň ilaty bolan Toretsk şäheri hem şeýle weýrançylyga uçrady. Russiýanyň birnäçe aýlap dowam eden hüjüminden soň jaýlar, ybadathanalar we mekdepler weýrançylyga öwrüldi. Bir wagtlar gatnawdan doly köçeler ýumrulan zir-zibilden doly.

Wolçansk

Rus goşuny 2024-nji ýylyň ýaz aýlarynda Wolçansk şäheriniň eteginde täze front açdy. Ukrainanyň Ýaragly Güýçleri hüjümi gaýtardy, emma şäher weýrançylykdan halas bolmady. Maksada gönükdirilen bombalar we ok atyşyklar ýaşaýyş jaýlaryny tüsseläp duran haraba öwürdiler. Mekdeplere, çagalar bagyna, hatda merkezi kitaphana hem hüjüm edildi. Jaýlar köpçülikleýin weýran boldy.

Bahmut

Bahmut heläkçilik alamatyna öwrüldi. Bir ýyla golaý şäher hüjüm astynda boldy. Medeniýet merkezleri, administratiw jaýlar we ýaşaýyş jaýlary ýok edildi. Köçeler bomba çukurlaryndan we zir-zibillerden doldy. Atylan raketalar şäher harabaçylygynyň arasynda henizem ýerden çykyp dur.

Marinka

Marinka entek doly derejeli hüjümden öň hem front liniýasynda ýerleşýärdi. Uruş başlananda, şäher iki ýyllap güýçli bombalama astynda galdy. Häzir ondan hiç zat galmady. Şäheriň esasy köçesi jansyz, onuň iki gapdalynda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, hassahanalaryň, ybadathanalaryň we medeniýet ojaklarynyň harabaçylygy bar.

Russiýa graždan infrastrukturasyna hüjüm edýändigini mydama inkär edip gelýär. Emma şähere köp ýeri weýran edip biljek ýaraglar atylanda, ol weýran edilýär, köplenç ýagdaýda hem bütinleý ýok edýär.

Abat galan şäherler, adatça, artilleriýa oklarynyň ýetjek çäginden daşda ýerleşýär. 2024-nji ýylyň tomsunda Zaporiýa şol zona golaý boldy; Şondan bäri ol ýerde howa bombalary täze ýagdaýa öwrüldi.

Material Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň proýekti Donbass.Realii tarapyndan taýýarlandy