Ukrainanyň harbylary Donetsk sebitinde Russiýanyň goşunynyň düzüminde söweşen iki hytaý raýatyny ýesir aldylar. Bu barada Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 8-nji aprelde mälim etdi. Onuň sözlerine görä, ýesir alnanlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalary, bank kartlary we şahsy maglumatlary bar.
Zelenski şeýle hem Russiýanyň goşunynyň düzüminde Hytaýyň raýatlarynyň sanynyň iki adamdan has köpdügine degişli maglumatlaryň bardygyny belläp, bu ýagdaýyň anyklaşdyrylýandygyny aýtdy. Ol Ukrainanyň daşary işler ministrine Pekin bilen derrew aragatnaşyk gurmagy we Hytaýyň bu ýagdaý boýunça nähili çäre görjekdigini anyklamagy tabşyrdy.
Ukrainanyň daşary işler ministri Andreý Sibiga sosial ulgamlarda ýerleşdiren postunda, hytaý raýatlarynyň Russiýanyň goşunynyň düzüminde Ukraina garşy söweşlere gatnaşmagynyň Hytaýyň parahatçylyk baradaky beýan eden pozisiýasyna şübhe döredýändigini we Pekiniň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzasy hökmünde ynamyny pese gaçyrýandygyny aýtdy.
Ýesir alnan hytaý raýatlary bilen baglanyşykly derňew işleri Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy tarapyndan alnyp barylýar.
Bu aralykda, ABŞ-nyň Döwlet departamenti hytaý raýatlarynyň Ukrainadaky uruşda Russiýanyň tarapynda söweşýändigi baradaky maglumatlaryň alada döredýändigini aýtdy.