Ukraina, ABŞ Dikeldiş maýa goýum gaznasyny döredýän şertnama gol çekdi

ABŞ-nyň gazna sekretary Skott Bessant we Ukrainanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýuliýa Swiridenko ylalaşyga gol çekýär.

Birleşen Ştatlar we Ukraina ABŞ-nyň Ukrainanyň gymmat bahaly minerallaryna elýeterliligini üpjün etmek baradaky şertnama gol çekdi, Ukraina bu ylalaşygyň Russiýa bilen alyp barýan urşunda Amerikanyň Kiýewe berýän dowamly goldawyny üpjün etmegine umyt baglaýar.

Ylalaşyk ABŞ-Ukraina Dikeldiş maýa goýum gaznasyny döredýär. ABŞ-nyň Gazna departamentiniň aýtmagyna görä, bu gazna “iki ýurda hyzmatdaşlykda işläp, [iki ýurduň] umumy baýlyklaryny, zehinlerini we mümkinçiliklerini Ukrainanyň ykdysady dikelişini tizleşdirmek üçin bilelikde maýa goýmaga mümkinçilik berer”.

ABŞ-nyň gazna sekretary Skott Bessentiň metbugat üçin ýaýradan beýanatynda aýtmagyna görä, bu ylalaşyk "Tramp administrasiýasynyň özeninde uzagyndan azat, özygtyýarly we gülläp ösýän Ukraina bolan parahatçylyk prosesine ygrarlylygyny açyk yşarat edýär".

Bessent ABŞ-Ukraina Dikeldiş maýa goýum gaznasynyň döredilmegini taryhy ykdysady hyzmatdaşlyk diýip atlandyrdy we oňa gol çekilmegine ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň urşuň soňlanmagy ugrunda edýän tagallalarynyň çäginde itergi berlendigini belledi.

"Prezidentiň aýdyşy ýaly, Birleşen Ştatlar bu rehimsiz we manysyz urşuň soňlanmagyna ýardam etmeklige ygrarly” diýip, Bessent aýtdy.

Tramp gepleşiklerdäki ilerlemeleriň depgininiň haýallygyndan lapykeç bolýandygyny aýtdy. ABŞ-nyň Döwlet departamenti 29-njy aprelde iki tarapyň hem has çalt hereket etmegini gazanmaga synanyşdy we, ilerleme bolmasa, Waşingtonyň bu gepleşiklerden çekiljekdigini duýdurdy.

Bu şertnama Bessent bilen Ukrainanyň ykdysadyýet ministri we premýer-ministriň orunbasary Ýuliýa Swiridenko gol çekdi diýip, Gazna departamenti aýtdy.

Swiridenko bu şertnamanyň "iki ýurt üçin hem rowaçlykly bolup biljekdigini" aýtdy.

Ol özüniň Facebook sahypasyndaky ýazgysynda gol çekilen şertnamanyň esasy ýerlerini belläp, onuň ukrain "döwletine global maýa goýumlaryny çekjekdigini" aýtdy.

Şeýle-de, Swyrydenko maýa goýum gaznasynyň diňe täze lisenziýalardan, ýagny ygtyýarnamalardan geljek girdejiler bilen dolduryljakdygyny aýtdy. Bu, gazna döredileninden soň, aýgytly materiallar we nebit-gaz taslamalary üçin täze ygtyýarnamalardan alynýan we Ukrainanyň býujetine girjek serişdeleriň 50 göterimini öz içine alar.

Harby kömek?

Pul nukdaýnazaryndan başga, Ukraina bu şertnama ABŞ-nyň geljekde berip biljek harby kömegine elýeterliligiň, ýagny oňa ýol açylmagynyň açary hökmünde seredýär.

"Göni maliýe goşantlaryndan başga, bu täze beriljek kömek bilen hem üpjün edip biler, mysal üçin, Ukraina üçin howa goranyş ulgamlaryny [berip biler]" diýip, ol X platformasynda aýtdy.

Ylalaşyk Konstitusiýa esasynda bolup, Ukrainanyň Ýewropa bilen garylyp-gatylmak, ýagny integrasiýa ugruny üýtgetmeýär diýip, ukrain ministri sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, bu ýerde Ukrainanyň çägindäki we territorial suwlardaky serişdeleriň ählisiniň Ukraina degişlidigi we nireden we nämäniniň çykarylmalydygyny diňe Kiýewiň kesgitlejekdigi görkezilýär.

Ukrainanyň Ministrler kabineti 30-njy aprel güni irden bu ylalaşygyň baglaşylmagyny tassyklap, Swyrydenko oňa Waşingtonda gol çekmek ygtyýaryny berdi. Ýöne, güýje girmezinden öň, bu ylalaşyk Ukrainanyň parlamentinde hem tassyklanmaly bolar.

Ukrainanyň premýer-ministri Denis Şmyhal 30-njy aprelde milli telewideniýede eden çykyşynda bu ylalaşygy "Ukrainany ösdürmek we dikeltmek üçin bilelikdäki maýa goýumlary boýunça hakykatdan hem gowy, deň we peýdaly halkara şertnama" diýip atlandyrdy.

Şmyhal öz telegram ýazgysynda Dikeldiş maýa goýum gaznasynda her tarapyň 50 göterim ses bermek hukugynyň boljakdygyny we gaznanyň getirýän girdejileriniň diňe Ukrainada gaýtadan maýa ýatyrmak üçin ulanyljakdygyny aýtdy.

Ol, Ukraina üçin esasy aladanyň çözgüdi hökmünde, ýurduň Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan urşundan bäri ABŞ-dan alan ýaraglary we beýleki goldawlary üçin "bergi" bermeli bolmajakdygyny, Kiýewden beýle zadyň soralmajakdygyny hem aýtdy.