Türkmenistanda et üpjünçiligi bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky käbir et dükanlarynda arzan bahadan süňksiz, jylka etiň söwdasy ýola goýlup başlandy, ýöne alyjylar bu etiň hiline we gelip cykyşyna alada bildirýärler.
“Biz şol satlyga çykarylan arzan etden satyn alyp, iýip gördük, tagamy ýok, edil sabyn çeýnän ýaly, ýöne häzir, umuman aýdanyňda, et önümleriniň bahalary gymmatlady” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat Lebapda sygyr etiniň bahasy gymmatlady, Balkanda günebakar ýagy tekjelerden ýitdiSebitde sygyr etiniň bir kilogramy 70-80 manat töwereklerinde bahalanýan mahaly, Baýramalynyň käbir et dükanlarynda hem-de bazarlarda peýda bolan süňksüz, jylka etiň bir kilogramy 50 manatdan bahalanýar.
“Adamlar bu etiň bahasy beýleki etlerden 20-30 manat arzan diýip, uly höwes bilen satyn alýarlar, ýöne satyjylar bu etiň anyk haýsy malyň eti bolandygyny takyk aýdyp bilmeýärler. Etleriň Hindistandan getirilendigi aýdylýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.
Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda peýda bolan arzan etiň Hindistandan import edilen önümler bolandygyny söwda resmilerine tassykladyp bilmeýär.
Hindistanda, ýerli ynançlar bilen baglylykda, sygyrlar aýratyn kanunlar bilen goralýar, şol bir wagtda bu ýurt gäwmiş etiniň eksportynda öňdäki orunlary eýeleýär.
Birleşen Ştatlaryň Oba hojalyk departamentiniň 2016-njy ýylda çap eden hasabatyna görä, Hindistan et önümlerini eksport etmekde dünýäde iň öňdäki orunlary eýeleýär. Hasabatda dünýädäki et söwdasynyň 20 göterimiň bu ýurtdan eksport edilýän etlerden düzülendigi habar berildi. Hindistan esasan gäwmiş etiniň önümçiliginde öňe saýlanýar.
Baýramaly etrabynyň söwda nokatlarynda peýda bolan elýeterli etler 5 kilogramlyk paketlerde alyjylara hödürlenýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitde goýun etiniň bir kilogramynyň 70-75 manat aralygynda, sygyr etiniň 75-80 manat aralygynda satylýandygyny habar berýärler.
“Adamlar et halalmy diýip soraýarlar, biz olara näme jogap berjegimizi bilmeýäris, şonuň üçin biz öz gözümiziň anyk ýetýän ýerli mallarymyzyň etine jogap berip bilýäris” diýip, maryly bir et satyjysy, gassap Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Bu habarlar ýurduň dürli sebitlerinde et önümleriniň üpjünçiliginiň ýaramazlaşýan pursatlaryna gabat gelýär.
Käbir gassaplar ýörite plastik paketlerde alyjylara hödürlenýän etleriň düýbünden süňksiz bolandygy sebäpli, olaryň haýsy malyň eti bolandygyny özleriniň anyklap bilmeýändigini aýdýarlar.
“Süňki bolanda bir zat aýdyp bilerdik, ýöne bu etlerde beýleki mallaryň eti bilen deňeşdirer ýaly süňk ýok” diýip, ýerli gassap aýdýar.
Martyň başlarynda Lebap welaýatynda sygyr eti 80-82 manada gymmatlady. Şondan bir hepde çemesi wagt soňra, Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde iň arzan süňksüz sygyr etiniň bahasynyň 90 manada çenli ýokarlandyrylandygyny habar berdiler.
Degişli maglumat Mary welaýatynyň bazarlarynda sygyr eti 30% gymmatladyEt üpjünçiligi bilen bagly problemalar ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Balkan welaýatynyň birnäçe etrabynda soňky aýlarda iri şahly mallaryň arasynda näbelli keselçiligiň ýaýrap, olaryň köpçülikleýin gyrylmagy barada ýygjamlaşýan habarlaryň yz ýanyna gabat gelýär.
Mary welaýatynda maldarçylyk bilen meşgullanýan hojalyklar Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde soňky wagtlarda ýerli mallaryň baş sanynyň azalýandygyny tassyklaýarlar.
“Häzir mallaryň sany gaty azaldy, eger-de şeýdip, ýurduň daşyndan et getirmeseler, biziň öz mallarymyzy, goýunlary, geçileri, sygyrlary we düýe malyny gyzyl kitaba girizmeli bolmasyn. Şonuň üçin, ýurduň daşyndan et importyny dowam etdirsinler. Şol bir wagtda, ýerli etiň eksportyny azaltmaly, şeýle etsek, ýene-da birnäçe ýyldan daşary ýurtlardan satyn alynýan et önümlerine mätäç galmarys” diýip, bu sebitde hereket edýän maldarçylyk hojalyklarynyň işinden habarly ýerli çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Bu aralykda, paýtagt Aşgabadyň azyk dükanlarynda bir kilogramynyň bahasy 16 manat bolan towuk budunyň bahasy 16-njy martda iki manat gymmatlap, 18 manada çykdy.
Ýerli ýaşaýjylar plastik paketlerde alyjylara hödürlenýän towuk etinde köp mukdarda buzuň bolandygyny aýdýarlar.
“1,5-2 kilogram agramy bolan towuk etiniň 300-400 gramy buz bolup çykýar. 4-4,5 kilogramlyk paketlerdäki towuk budunyň tas bir kilogramyny buz emele getirýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.
Azatlyk Radiosy et önümleriniň üpjünçiligi bilen bagly ýurtda dowam edýän meseleler boýunça söwda resmilerinden teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.