Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy fewralda Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefonda gürleşip, eýran serhedinden Gumdag şäherine çekilmeli awtomobil ýoluny gurmak meselelerini maslahatlaşdy.
Türkmen metbugatynyň anyklaşdyrman beren habaryna görä, taraplar bu taslamanyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak ylalaşygyna geldiler.
Täze awtomobil ýoly Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky arabaglanyşygy has pugtalandyryp, Hazar deňzi bilen Pars aýlagynyň arasyndaky gatnawlarda goşmaça mümkinçilikleri döreder.
Şeýle-de, taraplaryň suw serişdeleri, Hazarýaka hyzmatdaşlygy, 17-18-nji fewralda Tähranda geçiriljek Hazar ykdysady forumy barada pikir alşandygy aýdylýar.
Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi 2023-nji ýylyň noýabrynda Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministrligi bilen “Gumdag-Etrek-Eýran serhedi” awtomobil ýoluny gurmak boýunça hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi.