Türkmenabat şäheriniň daýhan bazarynda alyjylar dawalaşyp, bazar administrasiýasyndan sygyr etiniň ýokarlanan bahasyny sähel arzanlatmagy başardy. Oňler transport meselelerini, ýangyç gytçylygyny, walýuta durnuksyzlygyny bahanalaýan taraplar, bu gezek gymmatlamalara esas hödürläp bilmedi.
Goh-galmagal gündogar welaýatyň meşhur “Gök” bazarynda 13-nji maýda boldy. Şondan iki gün ozal, 11-nji maýda 75 manatdan bahalanan bir kilogram sygyr etiniň bahasy duýdansyz 90 manada çykdy.
“Bazar administrasiýasy bilen alyjylaryň arasynda goh-galmagal boldy. Adamlar etiň bahasynyň gymmatlamagyna nägilelik bildirdiler” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.
20 göterimlik gymmatlama iki gün dowam etdi, ýerli ýaşaýjylar muňa garşy çykyp, bahalary 80 manada çenli aşaklatmagy başardylar, ýöne şonda-da iki gün öňki bahalar bilen deňeşdirilende, sygyr eti heniz-de gymmat bolmagynda galýar.
Degişli maglumat Et gytçylygynyň arasynda, söwda resmileri et eksportyny çäklendirmäge çalyşýar - çeşmelerÖňki gymmatlamalar
Türkmenistanyň dürli sebitlerinde etiň bahasy soňky birnäçe aý bäri durnuksyz bolmagynda galýar.
Fewral aýynyň irki hepdelerinde paýtagt Aşgabatda 60 manat bolan sygyr etiniň bahasy, şol gabatlar birden 70-75 manada çykdy.
Biraz öň, ýanwar aýynyň ortalarynda Mary welaýatynda bu önümiň bir kilogramy 60 manatdan bahalanýardy, birnäçe hepde soň bolsa, bahalar 70-80 manat aralygynda üýtgäp başlady.
Mart aýynyň başynda Lebap welaýatynyň sebit merkezinde bir kilogram etiň bahasy rekord derejelere ýetip, 80-82 manada çykdy.
Söwda resmileri bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagy boýunça hiç hili düşündiriş berip bilmeýärler.
Ýöne güýz aýlarynda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri ýurduň dürli sebitlerinde mallaryň arasynda ýaýraýan keselçilik we köpçülikleýin mal ölümleri barada habar berdiler.
Degişli maglumat Türkmenistanda et we et önümleriniň üpjünçiligi bilen bagly aladalar dowam edýärTürkmenabat şäher häkimligindäki çeşme bazar administrasiýasy bilen arada turan goh-galmagaly tassyklap, etiň bahasynda nobatdaky üýtgeşmelere garaşylýandygyny aýtdy.
Beýleki bir şäher ýaşaýjysy 11-nji maýda irden Ikinji daýhan bazarynda etiň bahasynyň 92 manada çykandygyny tassyklady.
“Öňler etiň bahasy gymmatlanda munuň sebäbini benzin gytçylygy, ýa-da transport meseleleri bilen ilteşdirmäge çalyşýardylar. Häzir bu ugurlarda-da hiç hili mesele ýok. Şonuň üçin, hiç kim täze bahalara düşündiriş berip bilmeýär” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylar aýdýar.
Ýatlasak, martyň başlarynda gündogar sebitde harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagy şol gabatlar welaýatda bolup geçen ýangyç ýetmezçiligi we munuň bilen baglylykda emele gelen transport meseleleri bilen baglanyşdyrylypdy.
Şäheriň iri daýhan bazarynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan gassaplar 12-nji maýda bazarda et satyn alan adamyň seýrek bolandygyny, et söwdasynyň tas doly diýen ýaly togtandygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanda soňky aýlarda et üpjünçiligi bilen bagly emele gelen meseleleriň düýp sebäplerini anyklap bilmeýär.
Gaýry ýurtlardaky bahalar
Ýöne soňky aýlarda birmeňzeş meýiller goňşy Özbegistanda hem hasaba alynýar.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna görä, şu günler Daşkentde bir kilogram jylka etiň bahasy 180 müň som, takmynan 14 dollar, süňkli sygyr etiniň bahasy bolsa 160 müň som, takmynan 12 dollar.
Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti aprel aýynda bu önümiň bahasynyň 2 müň som, takmynan 16 sent, türkmen manadynyň gara bazar hümmeti boýunça 3 manat, resmi kurs boýunça 50 teňňe çemesi ýokarlanandygyny aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň özbegistanly diňleýjileri bu ýurtda etiň bahasynyň her aýda 10 müň som, takmynan 80 sent, türkmen manadynyň gara bazar hümmeti boýunça takmynan 15 manat, resmi kurs boýunça üç manat çemesi ýokarlanýandygyny aýdýarlar.
Deňeşdirmek üçin aýdylsa, özbek paýtagtynda bir kilogram süňkli sygyr etiniň bahasynyň 12 dollar bolanlygy nazarda tutulanda, bu baha türkmen manadynyň resmi hümmeti boýunça 42 manada, gara bazar boýunça takmynan 230 manada barabar bolýar.
Degişli maglumat Lebapda sygyr etiniň bahasy gymmatlady, Balkanda günebakar ýagy tekjelerden ýitdiDiňe resmi kurs boýunça, sadalaşdyryp aýdylanda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde sygyr etiniň bahasy 25 dollar töwereginde bolýar.
Daşary ýurt döwletleri bilen deňeşdirilende, dünýäde harytlaryň we hyzmatlaryň ýerli bahalaryny hasaba alýan “Numbeo – Cost of Living” web sahypasyna görä, meselem, Birleşen Ştatlaryň paýtagty Waşington Kolumbiýa okrugynda bir kilogram sygyr eti takmynan 20 dollar, Fransiýanyň Pariž şäherinde 21 dollar, Britaniýanyň London şäherinde 14 dollar, Türkiýäniň Stambul şäherinde 20 dollar, Russiýanyň Moskwa şäherinde 12 dollar töwereginde bolýar.
Şeýle bolanda Türkmenabatda sygyr etiniň bahasy dünýäniň iri paýtagtlaryndaky bahalardan hem gymmat bolýar.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu sebitde 13-nji maýda turan goh-galmagaldan soňra 80 manada arzanlan sygyr etiniň bahasynyň heniz-de ýerli ýaşaýjylaryň maşgala býujetine gabat gelmeýändigini aýdýarlar.
Türkmenistanda iň pes zähmet haky 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 1410 manat möçberinde kesgitlendi, şeýle-de pensiýalaryň iň pes möçberini hasaplamagyň binýatlyk ululygy 550 manat, döwlet kömek pullaryny hasaplamagyň binýatlyk möçberi bolsa, 520 manat hökmünde kesgitlendi.
Türkmen metbugaty ýurtda maldarçylyk hojalyklarynyň ösdürilýändigini, ýurduň et we süýt zerurlyklarynyň döwlet goldawly hususyýetçiler tarapyndan üpjün edilýändigini aýdýar. Hökümet daşary ykdysady gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, et söwdasy boýunça hem import we eksport maglumatlaryny köpçülige mälim etmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.