Türkmen kanunçylygy esasynda gadagan edilen çaga zähmeti ýurduň oba hojalyk işlerinde täzeden, ýene-de adaty bir zada öwrüljege meňzeýär diýip, käbir pedagoglar we ene-atalar alada bildirýär. Azatlygyň Ahal sebitindäki habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar geňeşliklerde pileçilik işlerine diňe uly adamlaryň däl, çagalaryň hem köpçülikleýin çekilip başlanandygyny gürrüň berdiler.
Birnäçe çeşmäniň aýry-aýrylykda tassyklamagyna görä, Oguzhan etrabynyň Ýyldyzhan geňeşliginde ýerleşýän 8-nji orta mekdebiň okuwçylary häzir pile, gurçuk sarymyna gatnaşdyrylýar.
“Ýyldyzhan geňeşliginiň arçynlygy geňeşligiň ähli ýaşaýjysynyň, şol sanda orta mekdep okuwçylarynyň hem gurçuk tutýan adamlara kömege gelmegini, sarym edişmeklerini soraýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi häzir obadaşlarynyň pileçi hojalyklara kömekleşmeli bolýandygyny, bu hili ýardamyň gurçuklar saryma duranda hemişe-de edilýändigini gürrüň berdi.
Degişli maglumat Balkanyň käbir sebitlerinde ilata paýlanyp berlen ýüpek gurçuklarynyň tas ýarysy isrip boldyBu maglumaty 8-nji orta mekdebiň bir mugallymy hem tassyklady.
“Häzir okuw möwsümi ahyrlap gelýär. Mekdep müdirimiz kimiň hojalygynda ýa-da dogan-garyndaşlarynda, hatda goňşularynda hem gurçuk tutýan bolsa, okuwçylar olara okuwa gelmän kömekleşse-de bolýar, tä pile, sarym işi gutarýança jogap, rugsat diýdi” diýip, anonimlik şertinde gürleşen pedagog aýtdy.
"Gurçuk tutýanlara bir sagat kömek eden okuwçylar öýlerine gidip bilýär"
Türkmenistanda oba hojalyk işleriniň gyzgalaňly döwürlerinde okuwa gelýän çagalaryň azalmagy kän geň görülmeýär.
“Häzir sapaga köp okuwçy gelmeýär. Şu gün her klasdan, öz islegleri boýunça, 1 sagat pileçilere kömekleşmek haýyş edildi. Kim gidip, gurçuk tutýanlara 1 sagat kömek etse, soň şu günlükçe mekdebe gelmän, öýlerine gidip bilýär, rugsat berýäris diýdiler. Mekdepde diňe kiçi klas okuwçylary galyp, galany ýüpek saraşmana gitdi” diýip, bu habary bir okuwçy hem tassyk etdi.
Ahal welaýatynyň beýleki geňeşliklerinde hem pileçiler goşmaça el kömeginden peýdalanmaly bolýar diýip, habarçy käbir hojalyklarda harby eşikdäki esgerleri hem görendigini aýtdy.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ofiser bu ýerde hiç bir erbetlik görmeýändigini, munuň esgerler üçin goşmaça tejribe boljakdygyny aýtdy.
Esgerler gurçuk tutmaga "höweslendirilýär"
“Esgerleri gurçuk tutmaga höweslendirýäris. Ine, basym her bir esger öýüne gowşar. Şondan soň olaryň ellerinde nähilem bolsa bir hili hünäri bolar. Pile, gurçuk tutup, döwletimize peýdaly iş eder ýaly, höweslendirip, hünär öwredýäris” diýip, harby bölümiň ofiseri aýtdy.
Ahalyň welaýat häkimliginiň bir işgäri pileçileriň gurçuklary gowy saklap, wagty-wagtynda tut ýapragy bilen üpjün edip, esasy işi edendiklerini, indi olara azajyk kömek bermelidigini belledi.
Degişli maglumat Kärendeçilere edilýän 'pile sütemi' dowam etdirilýär, lebaply daýhanlar nägile“Şu ýakyn günlerde pile tutumy tamamlanar, şol sebäpden diňe esgerlerden, orta mekdep okuwçylaryndan, adaty ýaşaýjylardan däl-de, eýsem edara-kärhanalardan hem el kömegi soraldy” diýip, häkimligiň işgäri Azatlyga aýtdy.
Azatlygyň habarçylary ýurtda ýüpek gurçugyny idedip, döwlete pile tabşyrýan adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, bu işiň gazanç, girdeji mümkinçilikleriniň azalmagy, pileçilikdäki mejbury zähmet bilen bagly ýagdaýlar barada mundan öňem kän habar beripdiler. Emma, oba hojalygynyň beýleki ugurlarynda bolşy, pileçilikde hem adamlary özüne çekýän ykdysady şertler döredilmeýär diýip, synçylar aýdýarlar.
Pedagoglar we ene-atalar mundan öň, pagtaçylykda hem, ýaşlary okuwdan, bilimden goýýan çaga zähmetiniň gaýtadan köpçülikleýin ulanylyp başlanmak ähtimallygyndan alada bildiripdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.