Türkiýäniň Sinop şäherinde iki sany türkmenistanly bloger Alişer Sahatow we Abdulla Orusow polisiýa tarapyndan saklandy. Türkiýede kanuny esasda ýaşaýan blogerleriň saklanmagynyň sebäpleri olaryň özlerine we ýakynlarynda dessine mälim edilmedi. Adam hukuklaryny goraýjy "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) iki türkmen aktiwistiniň tas bir wagtda tussag edilendigini belledi.
Alişer Sahatowyň aýaly Gülala Hasanowa Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde 28-nji aprelde daňdan Türkiýäniň wagty bilen sagat 7:00-da, raýat eşikli näbelli adamlar tarapyndan ýoldaşynyň alnyp gidilenligini habar berdi.
Birnäçe sagatdan soň THF Sinopda tussag edilen Alişer Sahatowyň we Abdulla Orusowyň lukmançylyk barlagyndan soň Ankaradaky deportasiýa lagerine geçirilendigini habar berdi.
"Aktiwistleriň ikisi-de tussag edilenden soň ýerli keselhanada hökmany lukmançylyk barlagyndan geçirilipdir we şu gün (28-nji aprel) sagat 12:00-da Ankara iberilipdir" diýlip maglumatda Sahatowyň aýalyna salgylanyp, habar berildi.
Alişer Sahatowyň aýaly adamsynyň "Akýurt" deportasiýa merkezine ugradylanlygyny Azatlyga habar berdi.
Degişli maglumat 'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýärSinop şäherinde saklanan 31 ýaşly türkmen blogçysy Abdylla Orusow tussag edilmeginiň öňüsyrasynda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş boldy. Ol şonda Migrasiýa edarasyna barýandygyny, sebäbi hasaba durmak barada özüne hem geçen anna güni, hem-de şu gün irden çakylygyň gelendigini gürrüň berdi.
Abdylla Orusow Migrasiýa edarasyna barýan wagtynda telefon arkaly Azatlyga şeýle gürrüň berdi:
“Maňa-da jaň etdiler, gel diýip Göç edarasyna. Bilmedim, ‘Emniýet’ müdirligine [polisiýa departamentine] äkiderlermi. Men Türkiýede kanuny ýaşaýaryn, elimde kimligim bar. Bular her dürli işe, her dürli töhmet atmaga taýýarlyk görýäne meňzeýär. Meniň pikirimçe bize garşy Türkmenistan hökümeti repressiýa, gorkuzmak isleýär. Belki galp işler bilen deportasiýa edilmegimiz hem mümkin. Ine, men geldim Göç edarasyna”.
Türkmen blogeri öz ykbalynyň nähili boljagyny bilmeýändigini belläp, öz sözleriniň Radio arkaly köpçülige mälim edilmegini isledi:
“Biz nähili bolsa-da, bizi äkitselerem göreş dowam etmeli. Hiç hili gorkuly zat ýok. Halkymyz göreşini dowam etdirmeli öz azatlygy üçin. Eger biz sesimizi çykarmasak, birimizi äkidenlerinde sesimizi çykarmasak, galanlarymyzam alyp giderler. Şonuň üçin göreşi dowam ediň”.
Blogçylaryň tussag edilen wagtynda olaryň ýakynlarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Orusow Sinop şäheriniň "Göç edarasynda" (migrasiýa gullugynda) we Sahatow "Emniyet" müdirligi - polisiýa departamentinde saklanypdyr. Şonda habarçymyz bu edaralara jaň edende edara wekilleri jogap bermekden ýüz öwürdiler.
Sahatowyň maşgalasy Gülala adamsynyň tussag edilen wagtynda güýç gulluklarynyň ýoldaşyna adwokat bilen habarlaşmak we bir gezek jaň etmek hukugyndan peýdalanmaga rugsat bermänligini gürrüň berdi.
Soňra Alişeriň egindeşleri Alişere we Abdulla adwokatlaryň kömeginden peýdalanmaga mümkinçiligiň döredilendigini anyklandy.
Azatlyk Radiosy blogçylaryň ykbaly bilen bagly ýagdaýlary yzarlamagy dowam etdirýär.
Alişer Sahatow we Abdylla Orusow türkmenistanlylaryň arasynda tanymal blogerler hasaplanýar.
39 ýaşly Sahatowyň “Erkin Garaýyş" YouTube çykyşlarynda Türkmenistandaky hökümetiň adyna tankyt edilýär, şeýle-de ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi we korrupsiýa ýaly problemalar gozgalýar. Kanalyň 5 müň çemesi tomaşaçysy bar.
Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan “Abdulla” YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Aktiwistleriň Türkiýäniň çäginde resmi ýaşaýyş rugsady bar. Şeýle-de, olar iki ýyl mundan ozal Türkiýäniň Sinop şäherinde halkara gorag statusyny almaklyk üçin ýerli hökümete ýüz tutdular we bu işine seredilmegi üçin nobatda durýarlar.
Degişli maglumat "Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlarTürkmen aktiwistleriniň tussag edilmegi barada türk mediasynda hem habar berildi.
"Haksöz haber" neşiriniň "Türkmen aktiwistleri Orusow bilen Sahatow ölümine iberilýärmi?" sözbaşyly makalasynda Sinopda tussag edilen iki sany türkmen aktiwistiniň deportasiýa edilmek howpy barada aýdylýar.
"Olaryň aktiwist bolandygy sebäpli [Türkmenistana] iberilmeginden we öldürilmeginden gorkýan maşgalalary biparh bolmadyk jemgyýetleri çäre görmäge çagyrýarlar" diýlip maglumatda aýdylýar.
Türk metbugatynda: "Türkmenistanyň zulumly we despotik režiminiň adam hukuklaryny goraýjylary dymdyrmak üçin edýän basyşlarynyň netijesinde Türkiýede ýaşaýan dissidentler çynlakaý kynçylyklara duçar bolýarlar" diýlip, Türkiýede soňky ýyllarda birnäçe türkmen aktiwistiniň tussag edilip, zor bilen Türkmenistana ugradylandygy ýatladylýar.
Türkmenistanyň hökümetini açyk tankytlan türkmen raýatlarynyň ençemesi 2023-nji ýyldan bäri Türkiýeden we Orsýetden gizlin ýagdaýda watanyna ugradyldy. Olaryň arasynda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew), Mälikberdi Allamyradow, Röwşen Gylyjow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow, Serdar Durdylyýew we Merdan Muhammedow bar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri raýatlaryň adam hukuklarynyň depelenmegi barada halkara jemgyýetçiligi tarapyndan edilýän tankytlary ýyllarboýy ret edýär.
24-nji aprelde BMG-niň Gynamalar we zor bilen ýitirim edilmeler komitetiniň 82-nji sessiýasynda türkmen delegasiýasynyň ýolbaşçysy Wepa Hajyýew çykyş etdi.
Türkmen resmisi Türkmenistan tarapyndan BMG-ä 50 golaý adam barada hasabat berlendigini agzady, emma daşary ýurtlardan zor bilen alnyp gidilen we dereksiz ýiten türkmen aktiwistleriniň köpüsini agzamady.
Wepa Hajyýew öz çykyşynda Döwran Imamowy agzaldy we onuň Türkmenistana dolanandan soň tussag edilmändigini aýtdy, şeýle-de Serdar Durdylyýew hem azatlykda diýdi.
Azatlyk Radiosy Döwran Imamowyň we Serdar Durdylyýewiň soňky ykbaly barada olaryň özleri we ýakynlary bilen habarlaşyp bilmedi.
Degişli maglumat Türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa öz howpsuzlygyndan aladalanýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.