TSTB iş orunlarynyň ýarmarkasyny geçirer

Aşgabat, iş gözleýänleriň durýan ýeri.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 7-nji maýda boş iş orunlarynyň ýarmarkasyny geçirýändigini yglan etdi. “Biznes Türkmenistan” neşiri bu çäräniň Aşgabatda, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda, ir sagat 09:00-dan 12:00-a çenli geçiriljekdigini habar berdi.

Bu çäräniň iş gözleýän raýatlara kömek etmek maksady bilen geçirilýändigi aýdylýar.

Iş gözleýänler şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny, zähmet depderçesini we hünär bilimi baradaky resminamalaryny ýanlary bilen getirmeli, goşmaça maglumat almak üçin 22-74-07 telefon belgisi arkaly Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna, paýtagtyň degişli edaralaryna ýüz tutup bolar diýip, habarda diňe bir telefon belgisi berilýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we beýleki edaralarynyň telefon belgilerine daşary ýurtdan jaň edip, maglumat almak mümkinçiligi örän çäkli bolmagynda galýar.

Şol bir wagtda, Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň birnäçe ýyl mundan öň beren maglumatlaryna görä, ýurtdaky işsizligiň derejesi 60 göterime golaý bolup, işleýän adamlaryň köpüsiniň aýlygy eklenç üçin ýeterlik bolmaýar.

Türkmen häkimiýetleri işsizlik zerarly dörän zähmet migrasiýasy, daşary ýurtlara çykan türkmenistanlylaryň duş gelýän kynçylyklary, şol sanda pasport meseleleri barada çykýan habarlara açyk düşündiriş bermeýär, raýatlaryň iş, gazanç meseleleri hökümet mejlislerinde, döwlet eýeçiligindäki metbugatda açyk maslahatlaşylmaýar.