Tramp Ýakyn Gündogara saparyny Er-Riýaddan başlady

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Mohammed bin Salman

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 13-nji maýda irden Saud Arabystanyna geldi. Bu onuň ýanwar aýynda wezipesine girişenden bäri daşary ýurda eden ikinji sapary we ilkinji resmi halkara saparydyr. Onuň daşary ýurda birinji sapary aprel aýynyň ahyrynda rim papasynyň jaýlanyş dabarasyna gatnaşmak bolupdy.

Trampyň uçary Er-Riýadyň aeroportuna gondy.

Tramp saparynyň dowamynda Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Mohammed bin Salman bilen gepleşikleri geçirer we maýa goýum forumyna gatnaşar. Çarşenbe güni Trampyň Katara, penşenbe güni bolsa Birleşen Arap Emirliklerine sapar etmegine garaşylýar.

Reuters agentliginiň bellemegine görä, bu saparyň merkezi temasy ykdysady we söwda gatnaşyklary bolar; Gaza zolagyndaky uruş ýa-da Eýranyň ýadro programmasy saparyň gün tertibiniň esasy meselesi bolmaz.

Maglumata görä, Saud Arabystanyna dünýäniň iň uly işewürleri, şol sanda “Blackrock” we “Blackstone” holdingleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem dünýäniň iň baý adamy Ilon Mask hem gelipdir.

Reuters agentligiň çeşmelerine görä, bu saparyň dowamynda Saud Arabystany bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak meselesi uly ähtimallyk bilen gozgalmaz. Agentlik muny Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň Palestina döwletiniň döredilmegi we Gazadaky ýaraşyk boýunça yzygiderli berk pozisiýasy bilen baglanyşdyrýar. Er-Riýad Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna taýýardygyny ýaňzytdy, ýöne munuň, Gazadaky söweş hereketleriniň dowam edýän wagtynda bolmajakdygyny belledi.