Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň Stambuldaky duşuşygyna gatnaşyp biler

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

12-nji maýda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň we Ukrainanyň Stambuldaky gepleşiklerine, eger onuň bolmagy peýdaly bolup bilse, gatnaşyp biljekdigini aýtdy.

12-nji maýda prezident Tramp ikinji prezidentlik möhletindäki ilkinji resmi halkara saparyna başlady. Ol saparynyň dowamynda Saud Arabystanyna, Katara we Birleşen Arap Emirliklerine baryp görer. Prezidentiň sözlerine görä, ol 15-nji maýda Russiýanyň we Ukrainanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek gepleşikleriň boljak ýeri Stambula baryp görmek mümkinçiligini hem göz öňünde tutýar.

“Men şol pursatda nirede boljakdygymy bilemok, Ýakyn Gündogarda bir ýerlerde, ýöne eger onuň peýdaly boljakdygyna göz ýetirsem, ol ýere uçaryn” diýip, Donald Tramp aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu gepleşiklere gatnaşjakdygyny mälim etdi we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine Stambulda duşuşmagy tutanýerlilik bilen teklip etdi.

Prezident Trampyň sözlerine görä, ol Russiýanyň we Ukrainanyň prezidentleriniň duşuşmagyna garaşýar we olaryň 30 günlük ok atyşyklary bes etmek düzgünine razy boljakdygyna umyt edýär.

“Mende şeýle duýgy bar” diýip, Donald Tramp habarçylar bilen söhbetdeşliginde nygtady.