Türk häkimiýetleri, prezident Rejep Taýyp Erdoganyň esasy syýasy garşydaşy Stambulyň häkimi Ekrem Ymamogluny tussag etdi. Bu barada AFP we Türk metbugaty habar berdi.
AFP habar gullugynyň maglumatyna görä, polisiýa Ymamogluny öýüne geçirilen reýd wagtynda tussag edipdir we ol häzirki wagtda edara jaýynda saklanýar.
Döwlet tarapyndan dolandyrylýan "Anadolu" habar gullugy prokurorlaryň häkim, telekeçiler we žurnalistler bilen bilelikde jemi 100 töweregi adamy tussag etmegi buýrandygyny habar berdi. Olara bildirilýän aýyplamalar jenaýat guramasyna ýolbaşçy, agza bolmak, talaňçylyk, para bermek, şahsy maglumatlary bikanun edinmek we tender netijelerini galplaşdyrmak ýaly günälemeleri öz içine alýar.
Prokuratura, hususan-da, Stambulyň häkiminiň we "başga-da köp adamyň" telekeçileri pul tabşyrmaga mejbur edendigini, adalatsyz girdeji alandygyny we jenaýat işinden alnan serişdeleri ýuwandygyny öňe sürýär. Prokuratura Ekrem Ymamogluny "jenaýat guramasynyň lideri" diýip atlandyrýar.
Tutulmazdan ozal, häkim Imamoglu X platformasynda şeýle diýip ýazdy:
"Halkyň islegini gorkuzmak ýa-da bikanun hereketler bilen basyp bolmaz. Ykbalymy diňe Stambulyň 16 million ilatyna däl, eýsem Türkiýäniň 86 million raýatyna we dünýädäki demokratiýany hem adalaty goldaýanlaryň hemmesine ynandyrýaryn. Esasy hukuklar we azatlyklar ugrundaky göreşimde men tutanýerlidirin".
Mundan öň Stambul uniwersiteti Ekrem Ymamoglunyň diplomyny ýarydy we käbir "aç-açan ýalňyşlyga" salgylandy.
Habar beriş serişdeleriniň belleýşi ýaly, bu Stambulyň häkimini prezident saýlawlaryna gatnaşmak mümkinçiliginden mahrum edýär, sebäbi dalaşgäriň uniwersitet derejesi bolmaly. Ymamoglu bu karary bikanun diýip atlandyrdy we akademiki sistema syýasatyň gatyşýandygyny belledi.
- Bir ýyl töweregi öň Ekrem Ymamoglu Stambulyň häkimi wezipesine saýlawlarda ýeňiş gazandy. Şol döwürde oppozisiýa respublikan halk partiýasynyň (CHP) wekilleri Stambul we Ankara ýaly 30-dan gowrak türk sebitiniň baştutany boldular.
- Stambul 15 milliondan gowrak ilaty bilen Türkiýäniň iň uly şäheridir. 2023-nji ýyldaky prezident saýlawynda ýeňiş gazanan Rejep Erdogan oppozisiýa koalisiýasynyň dargamagyndan soň, Stambuly häkimiýet başyndaky Adalat we Ösüş partiýasynyň (AKP) gözegçiligine geçirmegi umyt etdi.