Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin telegrammada 5-nji maýa geçilýän gije Podolsk sebitinde Moskwa tarap uçurylan dört pilotsyz uçaryň urlup gaçyrylandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, ejir çeken ýa-da çekilen zyýan bolmady.
Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa, Moskwa sebitine aralaşan dört dronyň gije sagat 2: 30-dan öň saklanandygyny habar berdi. Mundan başga, rus harbylarynyň tassyklamagyna görä, Braýank sebitinde 17 sany pilotsyz uçar, Kaluga sebitinde 5 dron urlup gaçyryldy.
Pilotsyz uçarlaryň hüjümi wagtynda Moskwanyň Domodedowo howa menzilinden uçýan we bu ýere gelýän uçarlar üçin wagtlaýyn çäklendirmeler girizildi diýip, Howa transportynyň federal gullugy habar berdi. Çäklendirmeler bir sagatdan soň ýatyryldy.
Şaýatlar Podolskda howa goragy ulgamlarynyň işi bilen bagly sesleriň eşidilýän wideolaryny çap edýärler.
Ukraina dron hüjümi baradaky habara düşündiriş bermedi.