ABŞ – Hytaý arasyndaky söwda urşy wagtynda, Pekin seýrek duş gelýän ýer elementleriniň eksportyna gözegçiligi berkleşdirýär. Şol şertde seýrek materiallara baý bolan, ýöne onuň gorlarynyň çägi kesgitlenmedik Merkezi Aziýa bütindünýä arenasyna çykýar. Bu maksatlaryň arkasynda könelişen tehnologiýalardan başlap, geosyýasy bäsdeşlige çenli agyr kynçylyklar ýatyr. Şeýle ýagdaýda sebit bu senagatda dünýä lideri bolan Hytaýa hakyky alternatiwa bolup bilermi?
ÖZARA WADALAR
— Merkezi Aziýa dünýä rezerwleriniň uly bölegine eýelik edýär we Ýewropa munuň üçin adalatly we ýörite teklip etmek isleýär. Biz hyzmatdaşlar hökmünde seýrek minerallar üçin, gymmatly ýerli ulgamlary döretmek isleýäris. Bu bolsa sebitde döredilen gymmatlygyň olaryň özünde galjakdygyny we gowy iş orunlaryny döretjekdigini aňladýar. Sebäbi hyzmatdaşlarymyzyň ösüşi bilen biz Ýewropanyň hem ösýändigine ynanýarys – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysy Ursula fon der Laýen aprel aýynyň başynda Samarkantda geçirilen "Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi" atly ilkinji doly formatly sammitiň gatnaşyjylaryna ýüzlendi.
Duşuşygyň esasy maksady ABŞ tarapyndan söwda urşunyň başlanmagy we Hytaýyň strategik minerallaryň eksportyna gadaganlygy güýçlendirilmegi sebäp boldy. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň prezidentleriniň, Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysynyň we Ýewropa Mejlisiniň prezidentiniň gatnaşan sammitinde, seýrek duş gelýän ýer elementleri baradaky söhbetdeşlik esasy orun eýeledi.
Aýratyn-da, Gazagystan sammitiň öňüsyrasynda öz uly mümkinçilikleri barada işjeň söz açdy. Meselem, ol "deňdeşligi bolmadyk" magdan käniniň açylandygyny yglan etdi. Bu habar ýurduň ähli künjegine ýaýrady. Ýewropa Bileleşiginiň Astanadaky ilçisi Aleška Simkiç bu maglumatyň "seýrek çig mal kontekstinde Gazagystanyň ähmiýetini artdyrýandygyny" aýtdy. Emma potensial käniniň töwereginde iş alyp baran geologlar Azatlyk Aziýa bu beýanatyň howlukmaç edilendigini aýtdylar, sebäbi rezerwleri tassyklamak üçin heniz köp wagt we uly serişde gerek bolar.
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow hem sammitiň dowamynda öz ýurdunyň hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçiliginiň we isleginiň bardygyny nygtady.
— Gyrgyzystan seýrek duş gelýän we gymmatly metallaryň uly rezerwlerine eýeçilik edýär. Biz bu ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirip, ony Ýewropa Bileleşigi bilen käbir goňşularymyzyň arasynda eýýäm edilişi ýaly aýratyn hyzmatdaşlyk ýa-da “ýol kartasy” görnüşinde resmileşdirmegi teklip edýäris – diýip, Žaparow sammitde aýtdy.
Şu wagta çenli Ýewropa Bileleşigi seýrek materiallar babatda diňe Gazagystan we Özbegistan bilen “ýol kartalary” we özara düşünişmek şertnamalary görnüşinde hyzmatdaşlygy dokumentleşdirdi. Şeýle hem mart aýynda Gazagystan bu ugurda Ýewropa Bileleşigi bilen 3 million ýewro şertnama gol çekdi.
Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýada Hytaýa alternatiwa gözleýän ýeke-täk Günbatar hyzmatdaşy däl. ABŞ öňräkden bäri Gazagystanyň Aral deňzinde litiý we beýleki seýrek duş gelýän metallaryň gözlegini maliýeleşdirýär we Kostanaý sebitinde neodim, praseodim, disprosium we terbiý metallary boýunça gözleg geçirmek üçin, Cove Kaz Capital Group atly bilelikdäki kärhanany döretdi.
ABŞ 7-nji aprelde Özbegistan bilen seýrek metallar babatda ylalaşyga gol çekdi. Özbegistan geçen ýyl Germaniýa we Günorta Koreýa bilen bu ugurda şertnama baglaşdy. Ýurt seýrek duş gelýän metallary çykarmak üçin jemi 2,6 milliard dollar maýa goýumlaryny goýýar.
HAKYKY MÜMKINÇILIKLER
Waşingtonda ýerleşýän Second Floor Strategies maslahat beriji kompaniýasynyň prezidenti we "Ykdysady ösüşi güýçlendirmek üçin Merkezi Aziýanyň seýrek duş gelýän ýer elementlerinden peýdalanmak" atly hasabatyňawtorlarynyň biri Wilder Alehandro Sançez Merkezi Aziýanyň seýrek metallar rezerwlerine bolan gyzyklanmanyň täzelik däldigini aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, Ýewropada we ABŞ-da Merkezi Aziýa bilen tanyş syýasatçylar, hünärmenler we şahtaçylaryň kompaniýalary 1990-njy ýyldan bäri onuň potensialyny bilýärler.
Teksas A&M uniwersitetiniň Buş adyndaky döwlet we jemgyýetçilik gullugy mekdebiniň professor kömekçisi Edward Lemon täze administrasiýanyň döwründe hem ABŞ-nyň gyzyklanmasynyň dowam etjekdigine garaşýar.
ABŞ-nyň prezidenti Baýden (ortada) 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri bilen geçirilen 5+1 duşuşygyna gatnaşýar.
"Geçen ýyl [ABŞ-nyň prezidenti] Baýdeniň ýolbaşçylygynda C5+1 seýrek minerallar dialogy başladyldy. Biz eýýäm häzirki prezidentiň (Trampyň) ýolbaşçylygynda, gyzyklanmanyň artmagyny görkezýän alamatlary görýäris. Döwlet Sekretary Rubio Özbegistanyň daşary işler ministri bilen ilkinji duşuşygynda "seýrek minerallar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek" barada pikir alyşdy. Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde hem ol seýrek minerallar meselesini aýratyn belledi” diýip, Lemon aýtdy.
Şeýle-de bolsa, 2024-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hiç biri seýrek minerallary öndürijileriniň iň ýokary hataryna girmedi. Adatça, Hytaý 270 müň tonna ýa-da dünýä möçberiniň 69%-ni üpjün edýär.
Berlindäki Ýewraziýa Karnegi merkeziniň barlagçysy Temur Umarow: "Bu ägirt uly san, heniz hiç bir region, ýekeje ýurt ýa-da tutuş kontinent bilen çalşyp bolmajak möçber” diýdi.
Seýrek minerallary esasy öndürijileriň sanawyna ABŞ, Mýanma, Awstraliýa, Nigeriýa, Taýland, Hindistan, Russiýa, Madagaskar we Braziliýa girýär.
Merkezi Aziýada duş gelýän seýrek minerallaryň rezerwleri barada maglumatlara aralaşmak kyn. Gazagystan 2021-nji ýylda litiý, tantal, niobium we seziý barada öň gizlin maglumatlary aýan edip başlady. Olar 2024-nji ýylda seýrek duş gelýän metallaryň birnäçesiniň gizlin saklanmak şertiniň aýryljakdygyna söz berdiler, ýöne maglumatlar henize çenli çap edilmedi.
Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan bu maglumatlaryň gizlinliginiň ýatyryljakdygyny resmi taýdan aýtmadylar. Açyk çeşmelerde ol maglumatlar ýok.
Birnäçe ýyl mundan ozal ABŞ-nyň Geologiýa gullugy (USGS) seýrek duş gelýän ýer elementleriniň meýdançalarynyň sany barada maglumatlary çap etdi. Onuň hasaplamalaryna görä, bu meýdançalaryň köpüsi Gazagystanda (160) we Özbegistanda (87) ýerleşýär. Gyrgyzystanda - 75, Täjigistanda - 60. Türkmenistanda hem olaryň iki sanysy barada maglumat bar.
Ýurtlardaky hasaba alnan maglumatlar tapawutlanýar. Gazagystanda resmi taýdan seýrek duş gelýän ýer metallarynyň 15 sany ýatagy hasaba alnypdyr. Şeýle hem geljege mümkinçiligi bolan ýataklar anyklanyldy. Seýrek duş gelýän elementli ýüze golaý ýatak bar hasaplanýar.
Özbegistanyň resmi çeşmeleri seýrek duş gelýän ýer elementleriniň anyklanan meýdanlary we ýataklarynyň sany barada maglumatlary çap etmediler. Emma seýrek duş gelýän metallar barada maglumat bar. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, seýrek duş gelýän metallaryň 30 görnüşiniň ýataklary tapyldy. Ýakyn geljekde Özbegistan litiý çykarmagy planlaşdyrýar, onuň rezerwleri 123 müň tonna barabar diýlip hasaplanýar. Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň iýun aýynda Nurlikon käniniň geljekde özleşdirjek işleri barada habar berildi.
Özbegistan wolfrom bilen molibdeniň öndürilişini artdyrmagy hem-de seýrek duş gelýän metallary işlemek üçin tehnologiýa parklaryny döretmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Häzirki wagtda dünýäde gazylyp alynýan baýlyklary gaýtadan işlemegiň kuwwatynyň üçden ikisi Hytaýa degişli. Häzir bu ýurtda Merkezi Aziýa döwletlerine degişli seýrek duş gelýän metallar hem işlenip taýýarlanýar.
Gyrgyzystanda seýrek duş gelýän ýer metallarynyň 11 görnüşiniň hasaba alnan ýataklary bar. Olaryň iň ulusy Çuý welaýatynda ýerleşýän Kutessaý-2 bolup, onuň rezerwi 63 müň tonna. 2009-njy ýylda Kanadanyň Stans Energy Corp kompaniýasy ýataklary özleşdirmek üçin ygtyýarnama aldy, emma 2011-nji ýylda ol ýatyryldy: ol kärhana borçlaryny ýerine ýetirmändigi, soňra-da döwlet işgärlerine para bermekde aýyplandy.
Soňky ýyllarda "Kutessaý-2 "bes edilip taşlandy. Mart aýynda "Gyrgyzgeologiýa" döwlet kärhanasy gözleg we öndürijilik işlerine ygtyýarnama aldy.
Täjigistanda seýrek duş gelýän ýer elementleriniň umumy sany barada aýdylmasa-da, 2024-nji ýylda geologiýanyň baş bölüminiň habar bermegine görä, diňe 2024-nji ýylda seýrek duş gelýän elementleriň 15 sany ýatagy tapyldy.
PÄSGELÇILIKLER
Wilder Alehandro Sançeziň duýdurmagyna görä, mineral känleri barada maglumatyň ýoklugy Merkezi Aziýany seýrek elementleriň esasy çeşmelerini öwürmäge päsgel berip biler.
"Merkezi Aziýada şahtaçylaryň işleri, şol sanda täze ýataklaryň gözlegleri barada maglumat, esasan-da, iňlis dilinde örän az. Hökümetler sebitiň ünsi özüne çekilmegini artdyrmak üçin, has açyk maglumaty üpjün etmeli" diýip, ekspert aýdýar.
Merkezi Aziýa mineral ýataklarynyň ýeterlik derejede gözlenmeginiň getirip biljek kynçylyklarynyň aýdyň mysalyny Beýik Britaniýanyň East Star Resources kompaniýasynyň tejribesi görkezýär. Ol kompaniýa altyn we mis ýataklary boýunça gözleg geçirmek we ony çykarmak bilen meşgullanýar. Olar birnäçe ýyldan bäri Gazagystanda seýrek duş gelýän ýer metallaryny çykarmak boýunça taslamany amala aşyrýar.
2022-nji ýylyň maý aýynda kompaniýanyň baş direktory Alan Uoker optimizme berildi.
"Biz eýýäm burawlaýyş üçin ähli rugsatnamalary almak prosesine başladyk we tizden bu emlägi çalt öňe sürmek üçin, işe başlajakdygymyza örän begenýäris" diýip, ol aýdypdy.
2023-nji ýylda synaglardan soň kompaniýanyň aksiýalary 28 göterim azaldy. Soňra seýrek duş gelýän ýer elementlerini özleşdirmek peýdasyz bolup, gaty gaýalardan toýuna geçdi. Şondan bäri kompaniýanyň aksiýalarynyň bahasy diňe pese düşýär.
«Ýer asty baýlyklary gazyp almak meselesi – bu diňe bir ýer gazmak işleri däl. Bu wagt hem çykdaýjy talap edýär. Ol magdan känini özleşdirmekden daşary-da, eýsem önümi gaýtadan işleýän gowy kärhana, ulag-gatnaw infrastrukturasy hem döredilmeli. Minerallaryň Merkezi Aziýadan ABŞ-a ýa-da Ýewropa ýetirilmegi üçin taýýar üpjünçilik zynjyrlary bolmaly" diýip, Secod Floor Strategies kompaniýasyndan Sançez aýdýar.
Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysy Ursula fon der Laýen 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Samarkantda ÝB – Merkezi Aziýa sammitiniň dowamynda duşuşyga başlamak üçin girýär.
"Bu köp pul talap edýär we giň infrastruktura taslamalaryny gurmak zerurlygy bar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň deňiz ýollaryndan çetde ýerleşýändigini nazarda tutsak, gitdigiçe bar zat gymmatlaşýar we çylşyrymlaşýar" diýip, Timur Umarow sözüni dowam edýär.
Bilermeniň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goňşy döwletlere baglylygy hem ABŞ-nyň we ÝB-niň ornunyň yza süýşmegine sebäp bolup biler.
Sebitde seýrek duş gelýän ýer metallaryny çykarmakda hyzmatdaşlygy Russiýa hem işjeň teklip edýär. Emma bu ugurda Hytaý aýratyn giň orny eýeleýär. Şeýlelikde, ýanwar aýynda hytaý kompaniýalarynyň Gyrgyzystanyň Çon-Kemin sebitindäki Kutessaýda seýrek duş gelýän ýer metallary özleşdirjekdigini habar berildi.
"Hytaý, esasan, mikroçipleriň we ýaşyl energiýanyň çalt ösýän önümçiligi bilen bagly seýrek minerallara bolan talabynyň artmagy sebäpli, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetiniň bu sektoryna strategik gyzyklanmasyny has-da güýçlendirýär. Hakykat ýüzünde, Pekin eýýäm öňde baryjy orun eýeledi, esasanam, Gyrgyzystanda we Täjigistanda seýrek duş gelýän ýer metallaryny çykarmagyň ähli gaýnaklaryna diýen ýaly gözegçilik edýär" diýip, Awstraliýanyň garaşsyz halkara barlagy Lowi institutynyň alymlary ýazdylar.
Şeýle-de, olar soňky tapgyrda, sebitdäki ýurtlaryň hökümetleriniň aýratynlyklary Günbataryň seýrek duşýan metallary özleşdirmek işindäki maýa goýumlaryna howp döredip biljekdigini aýtdylar. Lowi instituty Merkezi Aziýada hökümetleriň "awtoritar dolandyryş usulyna dowamly ýykgyn edýändigini" belläp geçdi.
"Günbatar ýurtlary sebitde gymmat bahaly we (geo)syýasy taýdan howply proýektlere maýa goýmazdan öň iki gezek oýlanmaly bolarlar" diýip, hünärmenler ýazýarlar.
Edward Lemon sebitdäki işewür şertleriň hem gowy däldigini aýdýar.
"Korrupsiýanyň ýokary derejesi, işewürligiň çylşyrymly düzgünleri – bularyň ählisi päsgelçilik döredýär. Şeýle-de, sebitde daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary gaýtadan gözden geçirmek tejribesi bar, bu bolsa olaryň ygtybarlygyny şübhe astynda goýýar" diýip, Lemon aýdýar.
Merkezi Aziýa ABŞ-nyň we Ýewropanyň almak isleýän seýrek elementleriniň ýeke-täk ýeri däldigini hem Wilder Alehandro Sançez aýdýar.
"Ol seýrek elementler Latyn Amerikasynda, Afrikada, şeýle hem suwuň astyndaky ýerlerde bar. Şeýlelikde, Merkezi Aziýa alternatiw bolup biler, ýöne ol sebitiň bäsdeşlerine garanyňda has özüne çekiji ýer bolmagy üçin, köp tagalla etmeli" diýip, Sançez sözüni jemleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.