Samarkant sebitinde XIX-XX asyrlardan galan medeni mirasa degişli binalaryň bikanun ýykylandygy anyklandy, çekilen zyýanyň umumy bahasy 46,8 milliard soma (takmynan $3,6 million) barabar boldy diýip, Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň metbugat gullugy aýtdy.
Kattakurgan etrabynda “Kuşok Ata” metjidi bikanun ýykylypdyr, Urgut etrabynda “Ahmet Ýasawy” hem-de “Hoja Urinboý” metjidi bikanun ýykylypdyr. Bu ýadygärlikleri dikeltmek üçin 36,6 milliard som, takmynan $2,8 million gerek bolar. Şeýle-de, Samarkantdaky “Kulba” binagärçilik ýadygärligi zerur bolan rugsatnamalar alynmazdan abatlanyp, 10,2 milliard som (785 müň dollar çemesi) ýitgi çekilipdir.
Prokuratura edarasyna görä, degişli kanun bozmalar boýunça jenaýat işleri gozgalypdyr we häzirki wagtda derňew işleri alnyp barylýar.
Mundan ozal, Azatlyk Radiosy Daşkent sebitiniň Bukinski etrabynda IV asyrdan galan arheologiýa ýadygärliginiň bikanun ýykylandygyny habar berdi. 2020-nji ýylda Samarkantda döwlet tarapyndan hem-de ÝUNESKO tarapyndan goralýan başga bir ýadygärlik hem ýykylypdy. Geçen ýyl Buharanyň taryhy merkezinde girişilen gurluşyk işleri jemgyýetçilik nägileligine ýol açypdy.