Russiýanyň 25-nji aprele geçilýän gije Ukrainanyň Dnipropetrowsk oblastyndaky Pawlograd şäherine uran zarbasy netijesinde üç adam heläk boldy, azyndan 10 adam ýaralandy. Bu barada sebit harby administrasiýasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lysak habar berdi.
Maglumata görä, sebitde ýerleşýän birnäçe ilatly nokatlar dron hüjümlerine sezewar boldy. Sinelnikowskiý we Samarowskiý etraplarynda senagat kärhanalarynyň çäklerinde ýangynlar ýüze çykdy. Pawlograd şäherinde bolsa köp öýli ýaşaýyş jaýyna zarba uruldy. Heläk bolanlaryň arasynda 15 ýaşly gyz hem bar.
Donetsk oblastynyň Ýarowaý obasynda bolsa, ukrain häkimiýetleriniň maglumatyna görä, awiabomba bilen ýaşaýyş jaýyna edilen hüjümde iki adam, ýagny ata we ogul heläk bolupdyr.
Russiýanyň harby güýçleri tas her gün diýen ýaly Ukrainanyň frontdan uzakdaky tyl sebitlerine dronlar bilen zarbalary urýar.