Russiýa Çehiýadan žurnalist Farida Kurbangaleýewnyň ekstradisiýa edilmegini soraýar

Farida Kurbangaleýewa

Russiýanyň Baş prokuraturasy Çehiýadan AÝ/AR-nyň "Häzirki zaman" neşiriniň žurnalisti Farida Kurbangaleýewanyň ekstradisiýa edilmegini talap etdi. Ol bu talap barada öz Facebook sahypasynda habar berdi.

"Çeh polisiýasy maňa şu gün Russiýanyň Baş prokuraturasynyň meniň ekstradisiýa edilmegimi talap edýändigi barada hat gowşurdy. Bu, şübhesiz, meniň üçin uly hormat, sebäbi Russiýa şeýle etmek bilen meniň Putiniň jenaýatçy režimine garşy göreşe goşan goşandymy ykrar edýär. Bu hatda meniň ekstradisiýa edilmegim baradaky talaba anyk nämäniň sebäp bolandygy görkezilmeýär" diýip, žurnalist ýazýar.

Onuň çakyna görä, bu ýerde gürrüň žurnalistiň garşysyna geçen tomusda açylan iki sany jenaýat işi hakynda barýan bolmaly. Ol işler “terrorçylygy aklamak” we rus goşuny hakyndaky ‘galp maglumatlar’ diýilýänler bilen bagly.

Žurnalistiň çap eden resminamasyndan görnüşine görä, ekstradisiýa işiniň diňlenişigi Praganyň şäher kazyýetinde geçiriler.