Russiýa Ukrainanyň paýtagtyna garşy onlarça hüjüm dronyny uçurdy diýip, resmiler aýtdylar.
1-nji dekabr hüjüminde ejir çekenleriň bolup-bolmandygy bada-bat habar berilmedi.
Ukrainanyň howa goragçylary onlarça pilotsyz uçary urdy diýip, harby administrator Serhiý Popko telegram habarynda aýtdy.
Sebit häkimi Oleksandr Prokudin günortadaky Herson şäherine edilen hüjümleriň azyndan üç adamyň ölmegine, ýedi adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.
Ukrainanyň howa güýçleri öten agşam ýurt boýunça dürli nyşanalara gönükdirilen 78 dronyň uçurylandygyny, olaryň 32-siniň ýa öňüniň alnandygyny, ýa-da urlandygyny aýtdy.
Galan 45 pilotsyz uçar bolsa, elektroniki basyş netijesinde "ýoluny ýitirdi".
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ÝB-niň sapar edýän resmileri bilen geçirilen gepleşiklerden soň žurnalistler bilen eden söhbetdeşliginde öz ýurdunyň aman galmagy üçin NATO-a goşulmak çakylygynyň zerurdygyny öňe sürdi.