ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Parižde Ukrainadaky urşy bes etmek boýunça iki günlük gepleşikleriň jemlenmeginden soň eden çykyşynda, Ýewropanyň resmileri bilen sabyrsyzlygyny ýaňzytdy.
Rubionyň 18-nji aprelde eden çykyşy Russiýanyň Ukraina garşy zarbalaryny dowam etdirmeginiň, şol sanda Harkiw şäherine atan raketasy netijesinde onlarça adamyň ýaralanmagynyň arasynda bolup geçdi.
Bu aralykda, Ukrainanyň resmileri ABŞ kompaniýalarynyň ýurduň baý mineral serişdelerine maýa goýmagyna ýol açjak ylalaşygyň tekstini çap etdiler.
ABŞ bilen Ukrainanyň gepleşikçileri şol ylalaşyk boýunça düşünişmekde kynçylyk çekýärler. Bu mesele boýunça fewralda prezident Donald Tramp bilen prezident Wolydymyr Zelenskiniň arasynda Ak Tamdaky geçirilen duşuşyk, birek-birege garşy bildirilen aýyplamalar bilen tamamlanypdy.
Rubio Russiýanyň Ukraina garşy başladan we dört ýyl bäri dowam etdirýän urşuna çözgüt tapmak maksady bilen, Parižde Ýewropa ýurtlarynyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Onuň bilen bilelikde Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff hem bardy. Witkoff geçen hepde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen bäş sagada çeken duşuşyk geçirendigini aýtdy. Rubionyň bellemegine görä, bu Putiniň Witkoff bilen geçiren üçünji duşuşygy bolupdyr.
Fewralda geçirilen telefon söhbetdeşliginden soň, Tramp bilen Putin göni parahatçylyk gepleşiklerini başlamak meýillerini yglan etdiler. Trampdan öňki prezident Jo Baýden Russiýanyň çozuşynyň başyndan bäri, mundan saklanypdy.
ABŞ-nyň Moskwa bilen göni gepleşiklere itergi bermegi Ýewropa ýurtlarynda alada döredýär. Olar Waşington bilen Moskwanyň arasynda baglaşyljak islendik jemleýji ylalaşygyň netijeleri boýunça, Ukrainanyň amatsyz ýagdaýda galmagyndan howatyr edýärler.
Rubio Pariži terk etmeginiň öň ýanynda žurnalistlere eden çykyşynda, eger-de gepleşiklerde çynlakaý mümkinçilikler döremese, onda ABŞ-nyň bulara araçylyk etmek tagallalaryndan birnäçe günüň içinde el çekjekdigini aýtdy.
“Biz bu tagallany hepdeläp ýa-da aýlap dowam etdirmeris. Indiki birnäçe günüň dowamynda bu ylalaşyk gysga wagtda mümkin bolup-bolmajagyna göz ýetirmeli. Eger bu bolmasa, onda men biziň öňe gitmelidigimizi pikir edýärin” diýip, Rubio aýtdy.
“Eger mümkin bolsa, onda biz bularyň içinde”, “Eger beýle bolmasa… başga ileri tutýan ugurlarymyz bar” diýip pikirini dowam etdirdi.
Ol soňra-da: “ABŞ soňky üç ýylda Ukraina kömek berdi, biz bu urşyň soňlanmagyny isleýäris. Ýöne bu biziň urşumyz däl” diýip aýtdy.
Rubio Ýewropa ýurtlarynyň, esasanam Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň bu tagallalarda saklanmagyny isleýändigni, olaryň bu ugurda çözgüt tapmakdaky rolunyň möhümdigini aýtdy.
Rubionyň bu çykyşlary Ak Tamda Ukrainadaky urşa çözgüt gözlemekde öňe ilerlemegiň haýallygyndan dörän nägilelikleriň artýandygyny görkezýär. Tramp saýlaw kampaniýasynyň dowamynda prezident bolanynyň ilkinji 24 sagadynda urşy bes etjekdigini wada beripdi.