Reuters: ABŞ Russiýa garşy sanksiýalary ýeňilleşdirmek meýilnamasyny taýýarlaýar

ABŞ-nyň baýdagy (Illýustrasiýa suraty)

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Russiýa garşy sanksiýalary ýeňilleşdirmek meýilnamasyny taýýarlaýar diýip, "Reuters" habar gullugy iki çeşmä salgylanyp, 3-nji martda habar berdi.

Habar gullugynyň çeşmelerine görä, Ak tam Döwlet departamentine we Gazna ministrligine diplomatik we ykdysady gatnaşyklary gowulandyrmak boýunça gepleşikleriň çäginde rus tarapy bilen ara alyp maslahatlaşmak üçin ýeňilleşdirilip bilinjek çäklendirmeleriň sanawyny düzmegi tabşyrypdyr.

Mundan başga-da, käbir guramalara we şahsyýetlere, şol sanda käbir telekeçilere bolan çäklendirmeleriň ýatyrylmagyna seredilýär. Şol bir wagtda, anyk atlar aýdyňlaşdyrylmaýar.

Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Russiýa garşy sanksiýalary ýeňilleşdirmek baradaky meýilnama geçen hepde Tramp Krymyň anneksiýa edilmeginden soň girizilen çäklendirmeleri uzaltmazdan ozal başlanypdyr.

Käbir sanksiýalary ýatyrmak üçin Kongresiň tassyknamasy zerurdyr.